Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza zolagyndaky palestin protestlerinde ýedi adam öldürildi


Ysraýyl-palestin araçägindäki baýdakly protestçi. 6-njy aprel, 2018.
Ysraýyl-palestin araçägindäki baýdakly protestçi. 6-njy aprel, 2018.

6-njy aprelde 20 müň çemesi palestinaly Gaza zolagynda protest bildirdi we ysraýyl goşunlarynyň ot açmagy netijesinde azyndan 7 adam öldürildi, ýüzlerçe adam bolsa ýaralandy.

Öldürilenleriň arasynda 16 ýaşly oglan hem bar diýip, palestin resmileri aýtdy. Ýaraly bolanlaryň arasynda çagalar, aýallar, palestin žurnalistleri hem bar diýip, olar aýtdy.

Ýaraly bolanlaryň 150 çemesi rezin oklar bilen uruldy, beýlekileriň köpüsi göz ýaşardyjy gazdan ejir çekdi diýip, resmiler aýdýar.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, 30-ny martdan bäri serhet boýundaky dartgynlyklar zerarly 29 palestinaly heläk boldy, 2 müň 500-den gowrak adam bolsa ýaralandy.

Gazalylar serhet boýunda toplanyp, haýatdan aňyrdaky ysraýyl esgerlerini daşlaýarlar we serhetden geçmekçi bolýanlary nyşana alýan ysraýyl mergenlerinegoýy tüsse bilen päsgelçilik döretmek üçin müňlerçe tekeri otlaýarlar.

XS
SM
MD
LG