Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanyň Jowuzjan welaýatynda YD-nyň ýerli komandiri öldürildi


Darzap etrabynyň jeňçilere garşy ýaraglanan aýallary

Owganystanyň demirgazygyndaky Jowuzjan welaýatynda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň ýerli komandiri öldürildi diýip, owgan resmileri aýdýar.

Welaýat polisiýasynyň başlygy Fakir Mohammad Jawzjani 7-nji aprelde YD komandiri Kari Hikmetiň 5-nji aprelde, owgan goşunlarynyň howa zarbasynda öldürilendigini aýtdy.

Resmi Azatlyk radiosyna Hikmetiň Jowuzjanyň Darzap etrabynda öz janpenasy we iki sany beýleki söweşiji bilen bilelikde öldürilendigini aýtdy.

Jawzjani hökümet güýçleriniň bu töweregi YD söweşijilerinden saplamak ugrundaky operasiýany dowam etdirýändigini hem sözüne goşdy.

YD jeňçileri Owganystanyň birnäçe etrabynda hereket edýär, hususan-da olar ýurduň gündogarynda, Pakistan bilen serhediň golaýynda, şeýle-de Jowuzjan, Gunduz ýaly demirgazyk welaýatlarda köplük edýär.

YD hiç bir owgan etrabyna doly kontrollyk etmeýär we territorial kontrollyk üçin hem owgan goşunlaryna, hem-de “Talyban” söweşijilerine garşy göreşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG