Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wengriýalylar Orbanyň we “Fidesz” partiýasynyň kuwwatyny barlajak saýlawda ses berýär


Saýlaw plakatlary.

Wengriýalylar sag-ganat premýer-ministr Wiktor Orbanyň güýç-kuwwatyny barlajak parlament saýlawlarynda ses berýärler.

Onuň dolandyryjy milletçi “Fidesz” partiýasynyň, saýlawdan öňki çaklamalara görä, 8-nji apreldäki saýlawlarda 50 prosent çemesi ses aljakdygy, Ýewropa garşy, emigrantlara garşy lideriň tapgyr üçünji gezek premýer-ministr boljakdygy çaklanylýar.

Pikir soramalary “Fidesz” partiýasynyň radikal milletçi “Jobbik” partiýasyndan, Sosialistlerden we birnäçe ownuk, çep-ganat we ýaşyllar toparlaryndan has öňe saýlanjagy çaklanylýar.

Emma muňa garamazdan, soňky pikir soramalar we çykarylan netijeler dolandyryjy partiýanyň 2010-njy we 2014-nji ýyllardaky ýaly rekord derejede ses almajakdygyny çaklamaga esas berýär. Bu ýagdaý Orbanyň, sekiz ýyl mundan ozal konstitusiýa düzediş girizmek ygtyýaryna eýe bolşy ýaly, üçden-iki köplüge eýe bolup biljekdigine şübhe döredýär.

Wengriýanyň 8.3 milliona golaý raýaty ses bermäge ukyply. Olar iki býulleten taşlarlar, biri öz etrap kandidatlary üçin, beýlekisi - parlamentiň 199 ornuna niýetlenen partiýa sanawyndaky kandidat üçin.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG