Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Siriýada güman edilýän himiki hüjümde onlarça adam öldi


Douma hüjüm edýän hökümetçi güýçler.

Siriýanyň gündogar Ghouta sebitinde, gozgalaňçylaryň elindäki soňky şäher bolan Doumada güman edilýän himiki hüjüm netijesinde onlarça adam öldi diýip, oppozisiýa aktiwistleri we halas ediji işgärler aýdýar.

Oppozisiýa bilen iltewli “ak kaskalylaryň” we beýleki aktiwist toparlaryň wekilleri paýtagt Damaskyň alkymyndaky Doumanyň asmanyndan 7-nji aprel agşamy içi zäherli gazdan doldurylan çelegiň taşlanandygyny aýdýarlar. Bu zäherli çelek adamlaryň demikmegine sebäp boldy.

Siriýanyň döwlet mediasy we rus harbylary tarapyndan “galp toslama” diýlip atlandyrylan habarlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bolmaýar.

Birleşen Ştatlar, eger bu himiki hüjüm tassyk bolsa, bu ýurtda barýan urşuň dowamynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetine aýgytly harby we diplomatik goldaw beren Orsýetiň “ahyrky jogapkärçiligi çekjekdigini ” aýtdy.

Güman edilýän himiki hüjüm bilen baglylykda ölenleriň sany barada garşylykly maglumatlar bar, “Ak kaskalylar” bu hüjüm netijesinde 40 bilen 70 aralygyndaky adamyň heläk bolandygyny aýdýarlar. Bu topar pidalaryň gazdan zäherlenmek alamatlaryny görkezendiklerini, olaryň gözleriniň peträndigini we agyzlaryndan ak köpük gelendigini aýdýar.

Kömek guramasy, Siriýanyň amerikan medisina jemgyýeti we Doumanyň graždan goranyş gullugy bilelikde beýanat ýaýradyp, bu hüjümde 49 adamyň ölendigini aýtdy.

Bu beýanatda medisina merkezleriniň dem almak kynçylyklaryna uçran 500-den gowrak adamy kabul edendigi, näsaglardan hloryňka çalymdaş ysyň gelendigi aýdylýar.

ABŞ-nyň döwlet departamenti Waşingtonyň “örän ynjalykdan gaçyran”, siriýa güýçleriniň himiki ýaraglary ulanan bolmaklarynyň mümkindigini görkezýän “elhenç” habary ýakyndan yzarlaýandygyny aýtdy.

Siriýanyň hökümetine “dyngysyz goldaw beren” Orsýet bu diýilýän hüjüm üçin “ahyrky jogapkärçiligi çekmeli bolar”diýip, beýanatda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG