Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ sanksiýalaryndan soň Deripaskanyň kompaniýalarynyň paý nyrhlary gaçdy


Oleg Deripaska

Birleşen Ştatlar Orsýetiň alýuminiý ägirdi Rusalyň we onuň eýeleriniň biri bolan Oleg Deripaskanyň garşysyna sanksiýa girizeninden soň, bu kompaniýanyň paý nyrhlarynyň aşa aşaklamagy netijesinde, öndüriji bergilerini töläp bilmezliginiň mümkindigi hakda duýduryş bermeli boldy.

9-njy aprelde alýumininiň bahasy ýokarlasa-da, Rusalyň paý nyrhy takmynan ýarpa gelip, 2.39 Gonkong dollaryna barabar boldy. Moskwa bižasynda bolsa ol 20 prosentden agdyk aşaklady.

Paý nyrhlary bahasynyň dörtden birini ýtireninden soňra, Deripaskanyň baýlygyna müdirlik edýän “En+Group” söwda kompaniýasynyň işi Londonda wagtlaýyn togtadyldy.

Bu aralykda alýumininiň bahasy Londonyň Metal biržasynda 3 prosentden agdyk ýokarlap, geçen döwre garanda 1,6 prosent peýda getirdi.

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň gazna departamenti Orsýetiň “tutuş dünýädäki heläkçilikli işjeňligi” sebäpli, Moskwany jezalandyrmak maksady bilen Rusal, şeýle hem milliarder Deripaska bilen baglanyşykly beýleki kompaniýalary maliýe çäklendirmelerine sezewar edilen 12 ors komaniýasyyň sanawyna goşdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen baglanyşykly hasaplaýan ýigrimiden agdyk syýasy we söwda elitasynyň, şol sanda Deripaskanyň-da garşysyna maliýe çäklendirmeleri girizilip, olaryň baýlyklary doňduryldy.

Rusal bu hereketiň kredit töleglerinde tehniki kynçylyklara getirmegi we “toparyň söwda perspektiwasyna hem zyýanly bolmagy mümkin” diýdi.

Hytaýdan daşary iň uly alýuminiý öndürijisi bolan Rusal dünýäde sarp edilýän bu metalyň 7 prosent çemesini üpjün edýär.

Deripaska Birleşen Ştatlaryň özüne garşy sanksiýa girizmek baradaky kararyny “esassyz, gülkünç we manysyz” diýip atlandyrdy.

6-njy aprelde yglan edilen täze sanksiýalar sebäpli Orsýetiň Birleşen Ştatlardan öç almak üçin entek gören çäresi ýok. Ýöne daşary işlar ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa 9-njy aprelde näme jogap berilmelidigi hakda, Moskwada pikir alşylýandygyny aýtdy.

“Biziň elimizde mümkin çäreleriň uly sanawy bar, şolar öwrenilýär” diýip Zaharowa belledi.

Orsýetiň jogaby berk bolarmy diýen soraga bolsa, ol “ýaraga-ha ýapyşmaryn” diýip jogap berdi.

Zaharowa soňra hem: “Biz hemişe edişimiz ýaly, muňa garşy çäreler hakda pikir alyşýarys” diýip sözüne üstüni ýetirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG