Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçer


Agyr atletikaçy. Illýustrasiýa suraty
Agyr atletikaçy. Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda IWF agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Ýene-de 200 günden, ýagny 28-nji oktýabrda başlamaly bu çempionaty ilki Perunyň paýtagty Limede geçirmek planlaşdyrylypdy.

Emma, ýaryşyň geçirilmeli kompleksiniň gurlup ýetişmändigi sebäpli, ony Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi.

Agyr atletika boýunça ýaryşyň Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginde geçjekdigi aýdylýar.

Ýatlatsak, bu Kompleksde geçen sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilipdi. Aşgabat şonda, ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigine hem garamazdan, bu ýaryşa milliardlarça dollar harçlapdy.

Şol bir wagtda, 28-nji oktýabr – 10-njy noýabr aralygynda geçjek Agyr atletika ýaryşyna döwlet býujetinden çykaryljak pul serişdeleri barada maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG