Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjanyň Alyýewi irki saýlawlarda dördünji möhlet prezidentligini gazanýar


Baku. Prezident Ylham Alyýew ses berýär.

Azerbaýjanly saýlawçylarirki prezident saýlawlarynda ses berýärler, ýurduň esasy iki oppozision partiýasy tarapyndan boýkot edilen saýlawyň awtoritar prezident Ylham Alyýewe dördünji prezidentlik möhletini bermegine garaşylýar.

Dolandyryjy “Täze Azerbaýjan” partiýasynyň kandidaty bolan Alyýew 11-nji apreldäki saýlawlarda ýene bir ýedi ýyl prezidentlik möhletini gazanjaga çalym edýär, emma adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch (HRW) guramasy bu saýlawyň ses berijilere “kadaly bir seçim” mümkinçiligini bermeýändigini aýdýar.

Kawkaz ýurdunyň esasy iki oppozision partiýasy, ses berişligiň galplaşdyryljakdygny aýdyp,ilatyň bu saýlawlary boýkot etmegine çagyrdy.

Azerbaýjanyň oppozisiýasy, şeýle-de Günbatar hökümetleri we halkara adam hukuklary guramalary Alyýewiň hökümetini garaşsyz metbugat guramalaryny, žurnalistleri we oppozision syýasatçylary, aktiwistleri yzygiderli we erjellik bilen ýanamakda tankytlaýar.

56 ýaşyndaky Alyýew günorta kawkaz ýurduna 10 ýyla golaý wagt bäri ýolbaşçylyk edýär, ol 2003-nji ýylda kakasy Haýdar Alyýew ýogalmazyndan sähel öň häkimiýet başyna geldi.

Alyýew 5-nji fewralda saýlawlaryň geçiriljek gününi 17-nji oktýabrdan 11-nji aprele, öňe süýşürýändigini yglan etdi. Hökümet bu üýtgeşmäniň 2025-nji ýylda prezident we parlament saýlawlarynyň gabat gelmeginiň öňüni almak üçin zerurdygyny aýtdy.

Bu çäre dekabr aýynda Azerbaýjanyň Saýlaw kanunyna, azyndan 60 gün öňünden yglan edilse, irki prezident saýlawlaryny geçirip boljakdygy barada girizilen düzedişden soň görüldi.

Saýlawlarda ýene ýedi kandidat prezidentlige dalaş edýär, emma HRW-nyň Günorta Kawkaz boýunça direktory Giorgi Gogia bu saýlawyň netijeleriniň “öňünden kesgitlenendigini” aýtdy we onuň Alyýewiň garşydaşlaryna “saýlawçylar üçin hakyky saýlap-seçmek mümkinçiligini bermändigini” belledi.

“Ses berişlik öz-özlüginde gowy gurnalana çalym edýär, saýlaw uçastoklaryndaky wideo kameralar galplaşdyrma garşy aýdyňlygy üpjün etmeli” diýip, Gogia Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna hat arkaly beren jogabynda aýtdy.

Ol sözüni dowam etdirip, Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň “Ýyllarboýy syýasy oppozisiýany, mediany we graždan jemgyýetini ýuwaşatmak ugrunda jan aýaman işländigini”, onlarça žurnalisti, blogçyny we beýleki hökümet tankytçylaryny türmelere basandygyny aýtdy.

“Şeýlelikde, bu ýerde kimiň saýlanjakdygyna şübhe bolmasa-da, Azerbaýjanyň halkara hyzmatdaşlary diňe Azerbaýjanyň prezidentini gutlamaly däl, eýsem bu pursaty adalatsyz türmä basylanlaryň ählisini haýal etmän azatlyga çykarmagy talap etmek üçin ulanmaly” diýip, Gogia aýtdy.

Saýlawa halkara synçylary, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Demokratiýa we adam hukuklary instituty hem gözegçilik edýär.

Bu guramanyň 29-njy martdaky hasabatynda Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň saýlaw missiýasynyň agzalarynyň köpüsiniň “saýlawlaryň hakykatdan hem bäsleşikli boljakdygyna garaşmaýandyklary” aýdyldy.

Bu saýlawlar ýurtda ykdysady şertleriň ýaramazlaşýan we hökümete garşy protestleriň ýüze çykýan wagtyna gabat geldi.
Ýurtda milli pul birligi bolan manat ABŞ dollarynyň garşysyndaky hümmetini barha pese gaçyrýar.

Dünýäde nebit nyrhlarynyň arzanlamagy esasy eksporty ýangyç bolan Azerbaýjanyň nebitden gelýän girdejileriniň azalmagyna we ykdysadyýetiniň çaýkanmagyna alyp geldi.

Ýurduň raýatlary barha güýçlenýän inflýasiýadan, işsizlikden we gündelik ulanylýan harytlaryň gymmatlamagyndan ejir çekýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG