Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjan saýlawdan öň garaşsyz mediany agyzdyryklady


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew rus kärdeşi Wladimir Putin bilen

Žurnalistleri goraýan komitet Azerbaýjanyň häkimiýetleri geljek hepde geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan öň “hakykatda başga pikir aýtmagyň formal ýollarynyň ählisini arassalady” we bu iş uzak wagtlyk prezident Ylham Alyýewiň täze prezidentlik möhletini gazanmagy üçin edildi diýýär.

“Azerbaýjanyň häkimiýetleri raýatlary ýuwaşatmaga gezek gelende janypkeş we ugurtapyjy bolup geldi” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän metbugat gözegçiligi guramasynyň 6-njy aprelde çap eden beýanatynda aýdylýar.

Alyýewiň hökümeti “garaşsyz media agyzdyryk salmak, tankydy sesleri sem etmek üçin” “žurnalistleri türmä taşlamak, olary daşary ýurtlardan alyp gaçmak, maliýe kezzaplyklarynda aýyplamak, websaýtlary petiklemek, sosial media hasaplaryna hakerlik hüjümini gurnamak, syýahat gadaganlyklaryny girizmek” ýaly usullary ulandy diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitet aýtdy.

Şu aralykda, 11-nji apreldäki prezident saýlawlarynda bäsleşige çykjak oppozision kandidatlar ýasaýlawa gatnaşmakdan “gadagan edildi, ýa-da türmä basyldy” diýip, hökümetden aýry gurama aýtdy.

Alyýew fewralda karar çap edip, ozal oktýabrda geçirilmeli edilen prezident saýlawlaryny bärik, irki möhlete geçirdi we munuň üçindüşündiriş bermegi zerur hasaplamady.

Azerbaýjanyň esasy iki syýasy partiýasy bu saýlawlary boýkot etmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG