Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bu ýylky “saglyk” aýynda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda “arak-çilimiň” satuwyna rugsat berilýär


Dükanda satylýan çakyr önümleri. Arhiwden alnan surat.
Dükanda satylýan çakyr önümleri. Arhiwden alnan surat.

Dünýäde her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä Saglyk güni bellenilýär. Türkmenistanda tutuş aprel aýyny hökümet derejesinde “saglyk” aýy yglan etmek soňky ýyllarda däbe öwrüldi. Adatça, saglyk aýynyň bosagasynda häkimiýetler dükanlara aýlanyp, spritli içgileriň we temmäki önümleriniň satylmagynyň çäklendirilmegi baradaky gadagançylyklary dükan eýelerine ýatladyp çykýar.

Читайте также на русском

Ýöne, bu ýyl agzalýan harytlaryň satylmagyna döwlet dükanlarynda rugsat berilýär.

Spirtli içgileriň we temmäki önümleriniň hususy dükanlarda aç-açan satylmagy boýunça gadagançylygyň henizem dowam edýän wagty, Azatlyk Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew bilen döwlet dükanlaryndaky “egilşik” barada söhbetdeş boldy.

Paýtagtly synçy bu ýylky “saglyk” aýynda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda spirtli içgileriň we temmäki önümleriniň satylmagyna rugsat berilýändigi barada peýda bolan maglumatlary tassyklady.

“Geçen ýyllardan tapawutlylykda döwlet dükanlarynda spirtli içgiler satylýar, temmäki önümleri ýagny çilim hepdede 2-3 gezek satuwa çykarylýar. [Çilim] köp adamyň güýç ýeterinden gymmat bahaly-da bolsa, adamlar baryp alýarlar, sebäbi hususy eýeçilikdäki dükanlardan alanyňdan [döwlet dükanlaryndan] alanyň ýarpy baha durýar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Hususy dükanlarda “ogryn” satylýan temmäki önümleriniň bahasynyň döwlet dükanlaryndakylar bilen deňeşdireniňde iki esse gymmatdygyna ünsi çeken synçy “saglyk” aýynyň gelmegi bilen, olaryň bahasynyň ýene-de 15-20 % ýokarlanýandygyny aýtdy:

“Döwlet dükanlarynda iň arzan çilimiň bir gutusy 25 manada durýan bolsa, hususy dükanlarda onuň bahasy 45-50 manada ýetýär. Häzir saglyk aýynyň başlanmagy bilen, gadaganlygyň-da girizilýändigi üçin 50-60 manatdan, ýene-de 15-20 % üstüne goşuldy” diýip, Bugaýew belledi.

Spirtli içgileriň we temmäki önümleriniň döwlet dükanlarynda aç-açan satylmagyna rugsat berilmeginiň sebäpleri bilen gyzyklanandygyny aýdan synçy, bu mesele boýunça özüniň söwda guramalarynyň resmileri bilen gürrüňdeş bolandygyny aýtdy:

“Söwda guramalarynda işleýänler, ministrligiň jogapkär işgärleriniň käbiri: “Dükanlara berilýän plan bar, şol plan hökman dolaýmaly, arak – spirtli içgiler, çilim – temmäki önümleri-de ilatyň umuman köp alýan zady, şonuň üçinem olary satuwdan aýyrmak bolanok diýip düşündirdi” diýip, Bugaýew belledi.

Beýleki bir tarapdan, ýerli synçy gürrüňi edilýän ýagdaýlaryň sebäplerini Merkezi bankda işleýän bir jogapkär resminiň başgaça düşündirendigini aýtdy.

Ýagny, bank resmisi döwlet dükanlarynda spirtli içgileriň we temmäki önümleriniň satuwyna rugsat berilmegini manadyň dolanyşygyny mümkin boldugyndan ýokary derejede saklamaga gönükdirilen çäre diýip düşündiripdir.

Synçynyň resmilere salgylanyp aýtmagyna görä, häkimiýetler ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän ýurtda döwlet dükanlaryndaky harytlaryň söwdasyna böwet bolmak islemeýär, sebäbi hökümet spirtli içgileriň hem-de temmäki önümleriniň satuwyna rugsat bermek arkaly, ilatyň elindäki manadynyň mümkingadar dolanyşykda saklanmagyny gazanmaga synanyşýar.

Bütindünýä Saglyk Guramasy 2015-nji ýylda Türkmenistany dünýäde iň az temmäki önümleri sarp edilýän ýurt diýip yglan etdi. Guramanyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ilatyň diňe 8 %-i çilim çekýär.

Ýurtda temmäki önümleriniň gadagan edilmegi bilen Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky käbir dükanlaryň öňünde çilim üçin uzyn nobatlar döräpdi.

XS
SM
MD
LG