Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň prezidenti Aliýew oppozisiýanyň boýkot eden saýlawlarynda ýeňiş gazandy


Azerbaýjanyň awtoritar prezidenti Ilham Aliýew aýaly Mehriban Aliýewa bilen, 11-nji aprel, 2018.
Azerbaýjanyň awtoritar prezidenti Ilham Aliýew aýaly Mehriban Aliýewa bilen, 11-nji aprel, 2018.

Azerbaýjanyň awtoritar prezidenti Ilham Aliýew ençeme oppozision partiýa tarapyndan boýkot edilen saýlawlarda ýeňiş gazandy.

Merkezi Saýlaw komissiýasynyň beýanatyna görä, Aliýew sesleriň 94%-niň sanalmagynda 86% ses toplapdyr. Ilatyň saýlawlara gatnaşyk derejesiniň 74.5%-digi aýdylýar.

11-nji aprelde bolan saýlawlaryň netijeleri “Täze Azerbaýjan partiýasyny” dolandyrýan Aliýewe döwlet başynda dördünji gezek galmaga mümkinçilik berýär.

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (HRW) saýlawlarda ses berijilere “saýlamaga hakyky” mümkinçiligiň berilmändigini aýtdy.

Kawkaz ýurdunyň oppozision partiýalary ses berişlige gatnaşman, ses berişligiň galplaşdyryljagyny öňünden aýdyp, ony boýkot etmäge çagyrdylar.

Merkezi saýlaw guramasynyň başlygynyň orunbasary Natik Mammadow saýlawlardaky bidüzgünçilikler baradaky maglumatlary ret etdi we olary “galp” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG