Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň baş sekretary Siriýadaky urşy güýçlendirmezlige çagyrdy


BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres

BMG-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň öňki prezidenti Siriýadaky urşuň güýçlenmezligine we gözegçilik astyndan çykmazlygyna duýduruş bilen çykyş etdiler.

Bu çagyryş ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Siriýanyň ýarany Orsýete raketa zarbalary bilen jogap bermäge “taýýarlygyny” mälim etmeginden birnäçe sagat yzýany edildi.

BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres 11-nji aprelde BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň weto gadagançylygyny girizmäge ygtyýarly agzalaryny ABŞ-ny, Britaniýany, Fransiýany, Orsýeti we Hytaýy “häzirki petigiň töwekgelçiliklerinden çuňňur aladalanmasyny ýene bildirmäge” çagyrdy.

Şol bir wagtda-da, ABŞ-nyň öňki prezidenti Jimmy Karter “Associated Press” agentligine beren interwýusynda Trampy “ýurdy parahatçylykly saklamaga, Demirgazyk Koreýa, Orsýet we Siriýa bilen ýüze çykýan problemalary çişirmekden we agyrlaşdyrmakdan saklanmaga” çagyrdy.

Munuň öňüsyrasynda Tramp Siriýa raketaly hüjümiň 7-nji aprelde Douma şäherinde 43 adamyň wepat bolmagyna getiren we himiki ýaragyň ulanylan bolmagy güman edilýän hüjüme gutulgysyz jogap bolup biljegini aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG