Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Jorasy bilen hojaýynyny talan türkmen migrant zenany tutuldy


Stambul

Türkiýäniň telekanallarynda görkezilip, gazetlerinde çap edilen habarlarda aýdylyşyna görä, Stambulyň Kadyköý diýen ýerinde, aýal hojaýynynyň zadyny ogurlap, hamala, ony başga biri eden ýaly görkezmäge synanyşan türkmenistanly hojalykçy bilen onuň jorasy saklanypdyr.

"CNN Turk" telekanalynda görkezilen habarda, Stambulyň Kadyköý etrabynyň Fenerýolu mähellesiniň Leýla köçesinde, düýn irden wakanyň şeýle görnüşde bolandygy beýan edilýär, ýagny hojalykda işleýän 48 ýaşyndaky Gülşen E. atly türkmenistanly zähmet migranty goňşusyna jaň edip, öýe giren iki sany erkek adamyň 84 ýaşyndaky öý eýesi M.B. bilen özüniň elini-aýagyny daňyp, soň gymmatbaha zatlary ogurlap gidendigini öňe sürýär. Ondan soň olaryň ýanyna baran goňşulary türkmenistanly hojalykçy bilen hojaýynynyň elini we aýagyny çözýär.

Türkiýäniň "Hürriýet" gazetiniň ýazmagyna görä, habar berlenden soň öýe gelen polisler we dedektiwler türkmenistanly hojalykçy zähmet migrantyndan düşündiriş alyp, soň howpsuzlyk kameralarynyň wideo ýazgylaryny barlaýarlar. Wideo ýazgylarda, "ogurlyk boldy" diýilýän mahaly öýe hiç bir erkek adamyň girip-çykmandygy, gaýtam bir sumkaly türkmen zenanyň şol pursatda öýe girip, bir salymdan soň hem çykyp gidendigi göze ilýär.

Howpsuzlyk kameralarynyň wideo ýazgylary bilen özüniň beren düşündirişi tapawutly bolany üçin, hojalykçy bolup işleýän Gülşen E. atly türkmen migranty ogurlygy aslynda jorasy bilen bilelikde planlaşdyranyny boýun almaga mejbur bolýar.

Wideo ýazgyda öýden ýeke özi daşaryk çykan hojalykçy Gülşeniň bir salymdan soňra 44 ýaşyndaky Nigara J. atly türkmenistanly jorasy bilen öýe dolanandygy görülýär. Şeýle-de, wideo ýazgyda Nigaranyň aýagyna we eline paket orandygy göze ilýär.

Şeýle wakanyň dogrydanam bolandygyny tassyklap, anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Stambuldaky polis çeşmesiniň aýtmagyna görä, türkmenistanly zähmet migrantlary hojalykçy Gülşen we jorasy Nigara dil düwşüp, hojaýyny bolan garry aýal uklap ýatyrka, onuň elini-aýagyny hem gözüni daňypdyrlar. Ondan soň Gülşen, hamala, ogurlyk bolan ýaly görkezmek üçin, jorasyna özüni hem daňdyrypdyr.

Polis çeşmesi öýden 18 sany gymmatbaha gyzyl bilezik, gyzyl kolýe, almazdan gulakhalka, 32 sany jemuriýet gyzylyndan manetka, 2 sany çärýek gyzyl manetka, 3 sany almaz gaşly ýüzük, 5200 dollar nagt pul we 3 müň lira ýagny 700 gowrak dollar pul ogurlanandygynyň anyklanandygyny mälim edýär.

Türk mediasyndaky habarlarda, saklanan türkmenistanly migrant zenanlaryň polisdäki resmi işleri tamamlanandan soň, Stambulyň Kartal etrabyndaky Anadolu kazyýetine tabşyrylandygyny bildirilýär.

Sözi jemlesek, Azatlyk Radiosynyň yzygiderli edýän synanşygyna garamazdan, ogurlykdan aýyplanyp saklanýan we azatlykdan mahrum edilýän türkmenistanly zähmet migrantlarynyň ykballary barada, degişli türk we türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak häzirlikçe başartmaýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG