Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň öňki premýer-ministri Şarif syýasatdan ömürlik çetleşdirildi


Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarif
Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarif

Pakistanyň Baş sudy öňki premýer-ministr Nawaz Şarifi syýasatdan ömürlik çetleşdirdi.

Bäş sudýadan ybarat topar öz kararyny 13-nji aprelde Yslamabatda berk howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeginde yglan etdi diýip, suduň resmisi Şahid Hussain aýtdy.

Analitikleriň aýtmagyna görä, suduň karary şu ýylyň aýagyna bellenen parlament saýlawlaryna täsir ýetirip biler. Üç gezek Pakistanyň premýer-ministri bolan 68 ýaşly Şarif maşgalasynyň korrupsiýa baş goşmagy bilen bagly aýyplamalaryň esasynda geçen ýylda häkimiýet başyndan çetleşdirilipdi.

Şarife ýöňkelen aýyplamalar paş edilen Panama dokumentleri atlandyrylýan maglumatlaryň esasynda öňe sürülipdi.

XS
SM
MD
LG