Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen türgenlerini 2020-nji ýyldaky Olimpiada taýýarlap başladylar


Türkmenistan ozalky Sowet döwletleriniň arasynda olimpiýa medaly bolmadyk ýeke-täk ýurtdyr. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň prezidenti 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurduň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak maksady bilen ýörite Karara gol goýdy.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ýokarda agzalan Oýunlara Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu ýygyndy toparlary toplumlaýyn taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ozalky Sowet döwletleriniň arasynda olimpiýa medaly bolmadyk ýeke-täk ýurtdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG