Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parlamentiň deputatlaryna olimpiýa şäherçesindäki ýaşaýyş jaýlaryndan berilýär


Aşgabatdaky olimpiýa şäherçesi
Aşgabatdaky olimpiýa şäherçesi

Türkmenistanyň parlamentiniň deputatlaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärlerine Aşgabatdaky olimpiýa şäherçesindäki ýaşaýyş jaýlaryndan berilýär.

11-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew agzalýan döwlet edaralarynyň işgärlerini ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek bilen baglanyşykly teklipler barada hasabat berdi.

Bu hasabatdan soň, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durdylyýewa Türkmenistanyň parlamentiniň deputatlaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärleriniň olimpiýa şäherçesiniň çägindäki jaýlara göçmegini üpjün etmek üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna niýetlenip gurlan olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyna 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak maliýe serişdesi harçlanypdy.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi türgenler, tälimçiler üçin niýetlenen myhmanhanalardan, ýaşaýyş jaýlaryndan, sport desgalaryndan ybarat olimpiýa şäherçesiniň boşap durandygyny aýdyp, bu ýerde adamlaryň hereketiniň köplenç göze ilmeýändigini belleýär.

XS
SM
MD
LG