Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda jeňçiler parahat ilatdan alty adamy öldürdi


"Talyban" hereketiniň agzalarydygy öýdülýän jeňçiler. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Owganystanyň günbataryndaky Gor welaýatynda ýaragly jeňçileriň hüjümi netijesinde parahat ilatyň hataryndan azyndan alty adam öldi.

Ýerli polisiýa resmisiniň beren maglumatyna görä, Faroz Koh şäherinde ulaga ot açylanda başga-da dört adam ýaralanypdyr.

Pidalaryň ählisi etniki hazaradylar. Owganystanyň dürli künjeklerinde ekstremist sünnüler şaýylaryň bu azlyk toparyna garşy hüjüm edýärler.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG