Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermeni parlamenti, protestlere garamazdan, Sarkisýany premýer-ministr wezipesine saýlady


Ermeni oppozisiýasynyň goldawçysy. Ýerewan.

Ermeni kanunçykaryjylary Serž Sarkisýany, ýurtdaky köpçülikleýin protestlere garamazdan, ýurduň täze ministri wezipesine tassykladylar.

17-nji aprelde geçirilen ses berilişikde Sarkisýan sesleriň 76-17 gatnaşygy bilen bu wezipä saýlandy.

Oppozisiýa liderleri Sarkisýany ýurduň syýasy dolandyryş gurluşyny parlament sistemasyna geçirip, özüniň häkimiýetdäki güýjüni saklap galmak synanyşyklarynda aýyplaýarlar.

Bu aralykda, ermeni protest liderleri ýurtda "Mahmal rewolýusiýasyna" çagyryş etdiler. Şeýle-de Serž Sarkisýanyň häkimiýetde galmagynyň öňüni almak ugrunda protest geçiren 80-ä golaý demonstrant tussag etdi.

Ermenistanda köpçülikleýin protestler bäş gün bäri dowam edýär.

Paýtagt Ýerewanyň merkezinde ýüzlerçe demonstrant köçeleri petiklediler. Mundan bir gün öň, protestçiler bilen polisiýanyň arasynda ýüze çykan çaknyşyklarda onlarça adam ýaralanypdy.

Merkezi meýdançalaryň birinde ýerli polisiýa ýolbaşçysy protest liderleriniň biri – Nikol Paşiniana demonstrantlaryň ýurduň kanunçylygyny bozandygy we polisiýanyň protestçileri saklamak kararyna gelendigi baradaky duýduryşy berende, Paşiniana ony okaman, ýyrtdy. Ol “köpçülikleýin boýun egmezlik” kampaniýasynyň başlandygyny hem yglan etdi.

Parlamentiň maslahatyndan öň bolan bu wakalar dartgynlygyň artmagyna getirdi. Protestçiler Sarkisýan prezidentlik wezipesinden aýrylanyna entek iki hepde-de bolmanka kontrollygy öz elinde sagklajak bolýar diýip, hökümeti tankytlaýarlar.

Takmynan üç million ilatly Ermenistanda ilki 2008-nji ýylda prezidentlige saýlanan Sarkisýan iki möhlet wezipe başynda boldy. Täze prezident Arman Sarkisýan – Seržiň garyndaşy däl - ýaňy 9-nj aprelde iş başyna geçdi.

2015-nji ýylda geçen referendumda Ermenistan özüniň hökümet formasyny üýtgedip, premer-ministriň ygtyýarlygyny güýçlendirip, prezidentiň güýç-gudratyny çäklendirdi.

Sarkisýan referendum arkaly prezidial sestemadan parlamentar sistema geçen Ermenistanda özüniň premýer-ministrlik wezipesine dalaş etmejekdigi hakda 2014-nji ýylda wada berdi. Paşinian bilen beýleki oppozision ýolbaşçylar indi ony wadasyndan dänenlikde aýyplaýarlar.

16-njy aprelde häkimiýet başyndaky Eermenistanyň respublikan partiýasy bilen Ermenistanyň rewolýusion federasy (Daşnaksuýun) Sarkisýany bir agyzdan premýer-ministrlik wezipesine kandidat bellediler.

Saglygy goraýyş ministrligi 16-njy aprelde protestçiler bilen polisýanyň arasynda turan çaknyşyklarda azynda 46 adamyň, şol sanda alty polisiýa işgäriniň ýaralanyp keselhana düşendigini aýdýar.

Keselhana düşenleriň biri Paşinianyň özi. Ol polisýa oppozision kanun çykaryjylary parlamente goýbermezlik üçin ara goşulanda ýaralandy.

Paşinian keselhandan çykyp, Ýerewanda protestçlere goşuldy. Ol märekäni protestleri dowam etdirmäge çagyryp: “Biz parlamentiň ähli girelgelerini baglamaly” diýdi.

13-nji aprelden bäri müňlerçe ermeni ýöriş geçirýär. Protestçiler Ermenitanyň baýdagyny galgadyp, Milli ýygnagyň binasyna gidýän Marşal Bagramian köçesinde gatnawy togtatdylar.

16-njy aprelde polisiýa ençeme hatara düzülip, märekäniň ilerlemeginiň öňüni aldy.

“Ermensitanda ozal bolmadyk zatlar bolýar. Bir adam üçünji gezek ýurduň lideri boljak bolýar. Biz bu işiň bolmagyna ýol berip bilmeris” diýip, kanun çykaryjy we Raýat kontrakty atly oppozision toparyň tanymal başlygy Paşinian atdy.

“Ermenistanyň raýatlaryny erkenlige çykarmagyň wagty geldi. Biz bu azajyk birahat bilen sizi Serž Sarkisýan atly uly birahatlykdan halas etmäge synanyşýarys” diýip, Paşinian megafondan märekä seslendi.

Sarkisýanyň garşydaşlary 1991-nji ýylda dargan Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny alan ýöne kömek we maýa goýmynda Orsýete bil baglaýan ermeni hökümetini korrupsiýada we ykdysydiýetde iş başarmazlykda tankytlaýarlar.

Häkimiýet başyndaky partiýanyň agzalarynyň aglabasy 63 ýaşly Sarkisýan premýer-ministrlige iň gowy kandidat diýýärler. Olar muny aýratyn-da goňşy Azerbaýjandan aýrylan Daglyk garabag regiony baradaky gepleşiklerde onuň köp tejribesi bar diýip delillendirýärler.

Sarkisýan 16-njy aprelde Orsýetiň Izwestia gazetinde çap edilen interwiýusynda şeýle diýdi: “Meniň kandidatlygym oňlansa ... köp wagtymy ençeme ýyllaryň dowamynda toplan tejriberlerimi paýlaşmak bilen geçirerin”.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG