Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary derejeli ABŞ, rus generallary duşuşdylar


NATO-nyň Ýewropadaky birleşen harby güýçleriniň kommandiri Kýortis Skaparrotti.
NATO-nyň Ýewropadaky birleşen harby güýçleriniň kommandiri Kýortis Skaparrotti.

Russiýanyň ýokary derejeli harby ofiseri we NATO-nyň kommandiri Azerbaýjanda duşuşyp, Ýewropadaky harby hereketleri maslahatlaşdylar, şeýle-de Siriýa boýunça pikir alyşdylar.

Russiýanyň baş harby ştabynyň ýolbaşçysy Waleriý Gerasimow bilen NATO-nyň Ýewropadaky birleşen harby güýçleriniň kommandiri Kýortis Skaparrotti 19-njy aprelde Bakuwda duşuşdylar. Iki general 2013-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gepleşikleri geçirdiler.

Iki ýurduň, şol sanda harbylarynyň arasyndaky gatnaşyklar 2014-nji ýylda, haçanda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alandan, şeýle-de Ukrainanyň gündogaryndaky separatistlere goldaw berip başlandan soň ýaramazlaşypdy.

NATO muňa jogap edip, Polşada we Baltik döwletlerinde özüniň dört batallýonyny ýerleşdirdi.

Mundanam başga, ABŞ Russiýany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýandygy üçin tankytlap, Siriýa güýçleriniň himiki ýaraglaryň ulanylmagy bilen amala aşyrandygy çaklanylýan hüjüme Moskwanyň jogapkärdigini aýdýar.

NATO Bakuwdaky gepleşiklerde urşa getirip biljek hereketleriň öňüni almak ýollarynyň maslahat edilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG