Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň, Russiýanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça gepleşikler geçdi


Rus delegasiýasy Aşgabatda gepleşikleri geçirýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen we rus daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Rus delegasiýasyna daşar işler ministriň orunbasary Ýewgeniý Iwanow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, iki ýurduň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşypdyrlar.

Gepleşiklerde migrasiýa ugrunda halkara gün tertibiniň meselelerine garalandygy bellenilse-de, olaryň mazmuny dogrusynda jikme-jik maglumatlar berilmeýär.

Ýatlatsak, 2017-nji ýylda Russiýada 74 müň türkmen raýaty resmi hasaba alyndy. Deňeşdirme üçin aýdylsa, gürrüňi edilýän döwürde Russiýada Özbegistandan 4 million, Täjigistandan hem 2 milliona golaý adam resmi hasaba durdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG