Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistanyň protest lideri Paşinýan tussag edildi


Ýerewan skwerindäki protestçiler, 22-nji aprel, 2018.

Ermenistanyň protest lideri Nikol Paşinýan Ýerewanda, protest mahalynda tussag edildi. Paşinýan premýer-ministr Serž Sarkisýan bilen başa barmadyk gepleşikden gysga wagt soňra tussag edildi.

“Adamlar Nikoly [Paşinýan] azat etmeli” diýip, oppozisiýadaky kanun çykaryjy Sasun Mikaelýan özi hem tussag edilmezinden öň žurnalistlere aýtdy. Olar Sarkisýanyň häkimiýetden ýapyşmagy diýýänlerine garşy tapgyr onunjy gün köpçülikleýin protest bildirýärler.

Ermeni polisiýasy biraz soň Paşinýanyň tussag edilendigi baradaky habarlary ret etdi we oppozisiýa lideri paýtagtdaky protest ýygnanyşygyndan “mejbury alnyp gaýdyldy” diýdi. Sarkisýan günüň birijnji ýarymynda Paşinýan bilen duşuşmaga gelip,oppozisiýany “şantaž etmekde” aýyplady.

"Men bu ýere seniň işden çekilmegiň barada gürleşmäge geldim” diýip, Paşinýan Ýerewanyň “Marriott” myhmanhanasynda başlanan duşuşykda premýer-ministr aýtdy. “Bu dialog däl, bu şantaž” diýip, Sarkisýan metbugat wekilleriniň hem goýberilen duşuşyk otagyndan çykyp gitmezinden öň aýtdy.

Sarkisýan çykyp gitmezinden öň Paşinýanyň syýasy ýaranlarynyň parlament saýlawlarynda diňe “alty ýa ýedi prosent ses alandyklaryny” aýdyp, ony halkyň adyndan gürlemezlige hem-de hökümetiň öňünde ultimatum goýmazlyga çagyrdy.

Paşinýan Sarkisýanyň reallykdan arasynyň üzülendigini aýtdy we öz tarapdarlaryny has kän bolup, bütin ýurt boýunça parahat ýörişe, raýat boýun egmezligine çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG