Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda söweşijileriň hüjümlerinde azyndan 14 owgan harbysy wepat boldy


Owgan esgeri, Owganystanyň Badghis welaýaty

Owganystanyň günbatarynda Badghis welaýatynda “Talyban” toparynyň amala aşyran hüjüminde azyndan 14 sany owgan harbysy we polisiýa wekili wepat boldy diýip, owgan resmileri aýdýarlar.

Regionyň polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Gulam Sarwar Haidariniň aýtmagyna görä, 23-nji aprelde Ab Kamari etrabynda owgan goşunyna hüjüm eden ençeme gozgalaňçy dokuz sany esgeri öldüripdir.

Şol bir wagtyň özünde-de, söweşijileriň Kadis etrabynda polisiýa eden hüjüminde bäş polisiýa ofiseri wepat bolupdyr.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Owgan resmileri hüjümleri amala aşyrmakda "Talyban" toparyny güman edýärler.

22-nji aprelde “Yslam döwleti” söweşiji toparynyň janyndan geçen hüjümçisi Kabulda ses berijileri hasaba alýan merkeze hüjüm edip, 57 adamyň ölümine sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG