Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky farmasewtiki zawod peýdaly palçygyň we deňiz duzunyň önümçiligini artdyrýar diýlip, 23-nji aprelde media maglumatlarynda habar berildi.
Balkan welaýatynyň Jebel obasynda 2014-nji ýylda işe girizilen derman zawody “adamyň saglygyny berkitmek üçin ähmiýetli peýdaly palçygyň 300 müň gutusyny we duzuň 100 müň gutusyny” ýylda işläp çykarýar diýip, SNG.today neşri ýazýar.
Habar berlişine görä, bu önümler şypahanalara, sagaldyş we bejeriş merkezlerine, saglyk öýlerine we paýtagtda hem regionlarda ýerleşýän dermanhanalara iberilýär.
Munuň bilen bir wagtda Türkmenistanda dermanlaryň gytçylygy dowam edýär we dermanhanalar ýapylýar.
2018-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda onlarça dermanhananyň, şol sanda döwletiň eýeçiligindäki edaralaryň ýapylandygyny, şeýle-de, bar bolan dermanhanalarda däri-dermanlaryň ençeme görnüşleriniň, sanynyň azalandygyny, esasy medisina serişdeleriniň gytçylygynyň dörändigini media serişdeleri, şol Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri habar berdiler.
Munuň bilen bir wagtda Türkmenistanda saglygy bejermekde tebigy serişdeleriň we ösümlikleriň giňden ulanylmagynyň propagandasy döwlet derejesinde alnyp barylýar. 2007-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň prezidentiniň awtorlygynda diňe bir derman ösümlikleriniň peýdasyna bagyşlanan eserleriň 9 tomy çapdan çykdy.