Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derman gytçylygynyň fonunda, dermanhanalar ýapylýar


Dermanhana. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Dermanhana. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ilatyň zerur dermanlary tapmak we ony alyp bilmek mümkinçilikleriniň barha çäklenmegi bilen bir hatarda, ýurtda hem döwlete degişli, hem hususy dermanhanalar ýapylyp başlandy.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri dermanhanalaryň ýapylmagynyň esasy sebäpleriniň biri dermanlaryň bahasynyň aşa ýokarlanmagy we olary alyp bilýän näsaglaryň azalmagy, şol bir wagtda daşary ýurtlardan gelýän dermanlaryň sanynyň juda azalmagy bilen baglydygyny aýdýarlar.

“Dermanhanalardan ilkinji zerurýet – dermanlar ýitirim boldy. Hatda ammarlarda hem derman galmady. Barjalarynyň hem bahasyny galdyrmaly boldy. Tekjelerden ýitirim bolan dermanlar, aglaba, Russiýadan getirilýärdi. Olaryň getirilmeginiň bes edilmeginiň sebäplerini aýtmaýarlar. Ýerlilerden diňe ýod ýa-da otlardan ýasalan korwalol diýäýmeseň, başga derman ýok.” diýip, Aşgabadyň “Paýtagt”, il içinde “Mir bazar” diýilýän bazaryndaky ýapylan uly dermanhananyň ozalky işgärleriniň biri Azatlyk Radiosynyň çeşmesine gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen atlandyrylmasyzlyk şerti bilen gürleşen paýtagtyň hususy dermanhanalarynyň biriniň eýesiniň aýtmagyna görä, ýurtda dollaryň resmi söwdasyna we konwertasiýasyna girizilen çäklendirmerler, şeýle-de dermanlary daşary ýurtlardan getirmäge mümkinçilik berýan ýörite lisenziýanyň diňe belli-belli, sanlyja adamlara berilmegi, ýurtda derman gytçylygynyň döremegine getiripdir.

“Esasy mesele daşary ýurt walýutasynyň gytçylygy. Konwertasiýa hem çäklendirildi. Häzir daşary ýurt walýutasyny satyn almak, ýagny konwertasiýa etmek boýunça berlen arzada görkezilen umumy möçberiň diňe 10%-i konwertasiýa edilýär. Munuň üstesine, konwertirlenen puluň 10%-ni ýörite komissiýa para hökmünde bermeli. Netijede, biz ozalky kreditlerimizi hem ödäp bilmän, uly zyýana galdyk. Indi bolsa, [dermanlary daşary ýurtlardan getirmäge mümkinçilik berýän] lisenziýanyň möhletini hem uzaltman, ony diňe häkimiýete ýakyn, belli-belli adamlarda galdyrdylar” diýip, daşary ýurtlardan dermanlary import eden telekeçileriň biri Azatlyk Radiosyna aýdýar.

Galyberse-de, ýurduň paýtagtyndaky derman gytçylygynyň fonunda, ýurduň beýleki sebitlerinde bu ýagdaýlaryň has-da gözçykgynçdygyna üns çekilýär.

Mysal üçin, Daşoguzda dermanlaryň köp görnüşleriniň tapdyrmaýandygy sebäpli, adamlar hatda sanjym üçin iňňeleri hem Aşgabada sapar edýän tanyş-bilişlerinden sargaýalar.

Bu aralykda, ýurtda dowam edýän derman gytçylygynyň fonunda, bir wagtlar giň ýaýran dermanlaryň “elin”, ýagny gizlin bazary hem gaýtadan janlanyp başlady.

Ýeri gelende bellesek, dermanlaryň gymmatlamagy, tekjelerden ýitirim bolmagy, şeýle-de dermanhanalaryň ýapylmagy we bu ýagdaýlaryň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde ýurt raýatlarynyň saglygyny bejertmek üçin, ähli şertleriň döredilendigi we döwrebap keselhanalaryň gurlandygy barada wagtal-wagtal habar berilýär.

XS
SM
MD
LG