Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serž Sarkisian wezipesinden çekildi


Protestçiler hökümete garşy demonstrasiýada begenýärler.

Ermenistanda Serž Sarkisian wezipe başyndan çekilip, protestçileriň lideri Nikol Paşinian türmeden boşadyldy.

Paşinian 23-nji aprelde Ýerewanyň köçelerinde protestçiler tarapyndan şatlykly garşylanyp, olara goşuldy.

Читайте также на русском

Protestçi toparlar 23-nji aprelde 11 gün bäri üznüksiz dowam edýän demonstrasiýalarda ermeni paýtagtynyň dürli ýerlerinde ýöriş we üýşmeleň geçirdiler. Protestler on ýyllap ýurda prezidentlik eden Serž Sarkisianyň üstümizdäki aý premýer-ministrlik wezipesine geçmegine garşy gönükdirildi.

Täze we uly üýşmeleň öten agşam ýerli wagt bilen sagat ýedide, Ýerewanyň merkezi Respublika skwerinde geçdi. On müňlerçe adam bu ýere ýygnanyp, Sarkisian bilen onuň hökümeti iş başyndan çekilýänçä, her gün protest geçirjekdiklerini aýtdylar.

Içeri işler ministrligi özüniň protestçileriň işlerine gözegçilik edýändigini we “gatnawyň bilkastdan kesilmegine” ýol bermejekdigini bildirdi.

Parahatçylykly protestler Daglyk Garabag sebäpli Ermenistan bilen Azerbaýjan arasynda barýan konflikt zerarly ysgyndan gaçan regionda ýerleşýän we Orsýetiň ýarany bolan 3 million ilatly öňki Sowet respublikasyny çagşatdy.

Demonstrasiýalar üstünlikli bolup çyksa, onda bu parahat ilatyň protest bilen Sowet Soýuzynyň öňki respublikasynda güýçli syýasy üýtgeşikligi amal aşyrdygy bolýar.

Protestler Gürjüstan, Azerbaýjan, Türkiýe we Eýran bilen serhetdeş bolan uly şäherler Gýumri bilen Wanadzorda-da geçdi.

22-nji aprelde Sarkisian bilen geçirilen gepleşik netije bermänindan soňra oppozision kanun çykaryjy Paşinian tutuldy. Protestçileriň lideri gürleşilmeli zat diňe wezipe başyndan çekilmek diýeninden soňra, Sarkisian gepleşikden çykyp gitdi.

​Paşinian ýüzlerçe adamdan ybarat tarapdarlary bilen şäheriň Erebuny etrabyna barýarka, ýüzi nikaply polisiýa işgärleri we beýleki howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tutuldy.

Polisiýa soňra Ýerewanyň dürli ýerlerine ýygnanan märekäni dagatmaga synanyşanda, polisiýa bilen käbir protestçiler arasynda çaknyşyk turdy.

Şol gün oppozisiýadaky iki kanun çykaryjy bilen 230-dan agdyk protestçi tussag edilse-de, on müňlerçe adam agşamara Respublika skwerine ýygnandylar. Saglygy goraşyş ministrligi protestler bilen baglylykda, ýedi adamyň keselhana düşendigini habar berdi.

22-nji aprelde baş prokuroryň edarasy Paşinian bilen oppozision kanun çykaryjy Sasun Mikaelian we Ararat Mirzoianyň rugsat edilmedik üýşmeleňleri ýola goýandyklary üçin, 72 sagatlap saklanjakdyklaryny aýdyp, olaryň tarapdarlaryny köçeleri we döwlet binalarynyň girelgelerini baglamazlyga çagyrdy.

Sarkisian bilen Paşinianyň duşuşygy Sarkisianyň takmynan üç minutdan soňra öz garşydaşyny basyş etmek isleýänlikde aýyplap, çykyp gitmegi bilen tamamlandy.

Paşinian Sarkisian reallyk bilen arabaglanyşygy ýitiripdir diýip, öz tarapdarlaryny köplük bolup, tutuş ýurtda parahatçylykly protest geçirmäge çagyrdy.

Ol öz bildirmegine görä, prezidente hökümet bilen “Serž Sarkisianyň wezipeden çekilip, parahatçylykly geçiş” hakda gürleşjekdigini aýdypdyr. Ol şeýle hem protestler parahatçylykly bolsa, polisiýa olary bozmaly däl diýdi.

Sarkisian 17-nji aprelde, ýagny iki möhletli prezidentligi tamamlananyndan 8 gün soňra, parlament tarapynda premýer-ministrlige saýlandy. Onuň özüniň saýlap tutan oruntutary Armen Sarkisian bolsa parlament tarapyndan saýlanyp, 9-njy aprelde prezidentlik wezipesine geçdi.

Tankytçylar Sarkisian Ermenistany Moskwa we özüniň ýakyn gatnaşygy bolan prezident Wladimir Putine ýakyn ýaran etdi diýýärler. Ermenistan Ýewrazia ykdysady bileleşigi bilen Kollektiw howpsuzlyk guramasynyň agzasy. Bu regional toparlary bolsa Putin sebitde öz täsirini saklap galmak üçin ulanýar diýilýär.

Putiniň özi-de häkimiýet başynda galmak maksady bilen prezidentlik wezipesinden premýer-ministrlik wezipesine geçip, 2008-nji ýylda hökümet baştutany boldy, 2012-nji ýylda bolsa ýene prezident bolup, iş başyna geçdi.

Ençeme ýyllap premýer-ministr bolup işläninden soňra döwlet baştutany bolmak üçin, bir wezipeden beýleki wezipä geçen ýene bir regional lider Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan.

Birleşen Ştatlaryň Ermenistandaky ilçihanasy 22-nji aprelde bir beýannamada, polisiýa bilen protestçileri “gazaply hereketlerden saklanmaga” we “dartgynlygyň güýçlenmeginiň öňüni almaga” çagyrdy.

Beýannamada: “Žurnalistlere we demonstrantlara garşy gazaply hereketler baradaky habarlar bizi aladalandyrýar. Biz polisiýa ýa protestçilere garşy gönükdirilen gazaply hereketlere jogapkärleriň kanuny jogapkärçilige çekilmegini nygtaýarys” diýilýär.

Bu aralykda Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogerininiň sözçüsi Ýewropa Bileleşigi ermeni häkimiýetlerinden “bu hukugy doly hormatlap, kanuny adalatly we ýaraşykly şekilde ýerine getirmegine garaşýar” diýdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG