Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistan ermenileriň Osman imperiýasyndaky gyrgynçylygynyň ýyl dönüminde matam tutdy


Birinji Jahan Urşy döwründe 1915-nji ýylda 1.5 million ermeniniň Osman imperiýasynda gyrylmagynyň 103 ýyl dönümi sebäpli geçirilen matam çäresi, Ýerewan, 24-nji aprel, 2018

Ermenistan Birinji Jahan Urşy döwründe ermenileriň Osman imperiýasynda gyrylmagynyň ýyl dönümini belledi. Bu sene ýurdy uzak wagtlap dolandyran lider Serž Sarkisianyň protestleriň netijesinde häkimiýet başyndan çekilmeginiň bir gün yzýanyna gabat geldi.

Ermenistanyň genosid diýip atlandyrýan gyrgynçylygyň hatyrasyna 24-nji aprelde geçirilen matam dabaralaryndan bir gün öň Ýerewanda we ýurduň beýleki şäherlerinde müňlerçe protestçi Sarkisianyň wezipesinden çekilmegini toýlady.

11 günläp dowam eden protestlere ýolbaşçylyk eden we 22-nji aprelde Sarkisiany wezipeden çekilmegine ündän oppozision kanun çykaryjy Nikol Paşinian öz tarapdarlaryny Ýerewandaky ýadygärlige alyp bardy.

Matam çäresi sebäpli bir günlük arakesmeden soň 25-nji aprelde Paşinianyň ýerine ýetiriji premýer-ministr Karen Karapetian bilen duşuşygy we 3 million ilatly ýurduň geljegi boýunça indiki ädimleri barada maslahat geçirmegi göz öňünde tutulýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG