Birleşen Ştatlar Orsýetiň iň uly alýuminiý öndüriji kompaniýasynyň müşderilerine sanksiýalaryň täsirinden saplanmak üçin has köp wagt berýändigini aýdýar we “Rusal” kompaniýasynyň esasy eýeleriniň biri we onuň aksiýalarynyň 48% eýe bolan oligarh Oleg Deripaska kompaniýa gözegçiligini elden berse, sanksiýalary ýatyryp biljekdigini duýdurýar.
ABŞ-nyň Maliýe departamentiniň sanksiýalaryň sähel gowşadylmagynyň ähtimallygy barada 23-nji aprelde eden bu beýanaty Rusalyň aksiýalarynyň bahasynyň 15 prosent ýokarlanmagyna sebäp boldy, şol bir wagtda-da alýuminiýiň Londonyň maliýe bazarlaryndaky bahasy 8.7 prosent peseldi.
"Rusal ABŞ-nyň sanksiýalarynyň täsiriniň astyna düşdi, onuň Oleg Deripaska bilen gatnaşygy muňa sebäp boldy, emma ABŞ-nyň hökümeti Rusala garaşly we agyr zähmet çekýän adamlary we onuň ýanyndaky kärhanalary nyşana almaýar” diýip, ABŞ-nyň maliýe sekretary Stewen Mnuçin aýtdy.
Oleg Deripaska we Orsýetiň biznes we syýasy elitasynyň 20-den gowrak beýleki wekiline garşy sanksiýalar 6-njy aprelde girizilipdi we amerikan resmileriniň aýtmagyna görä, Moskwany “dünýä derejesine erbet hereketleri” üçin jezalandyrmak boýunça tagallalaryň biri bölegi bolupdy.