Eýranyň daşary işler ministri ne Eýranyň, ne-de Saud Arabystanynyň Ýakyn Gündogarda iň täsirli güýç bolup biljegini belledi we Pars aýlagyndaky ýurtlary bir-biri bilen gepleşip başlamaga çagyrdy.
“Regionda iň güýçli bolmak, bir-birini çetleşdirmek ugrundaky tagallalarda biz regiony ýumurmagy başardyk” diýip, Muhammad Jawad Zarif 23-nji aprelde Nýu Ýorkda Daşary gatnaşyklar boýunça geňeşinde eden çykyşynda aýtdy.
Zarif “üýtgeşiklige uly zerurlyk bar” we “Eýran muňa taýýar, sebäbi biz bu reallygy makullamak üçin ýeterlik derejede giň, ýaş taýdan uly we kämil” diýip belledi we “biziň hiç birimiz regionda täze gegemoniýa bolup bilmez” diýdi.
Zarif Pars aýlagynyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň bäş döwletini Eýranyň, Yragyň we Ýemeniň gatnaşmagyndaky “regional dialogynyň forumyna” çagyrdy we şeýle dialogyň Ýakyn Gündogary özgertmäge mümkinçilik berýändigini belledi.
Eýranyň daşary işler ministriniň Nýu Ýorka eden bu sapary Tährany Riýadyň iň uly duşmany hökmünde häsiýetlendirýän Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammad bin Salmanyň saparynyň iki hepde yzýanyna gabat geldi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.