Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka öz ýyllyk çykyşynda Günbatary we Orsýeti ýazgardy


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka, Minsk, 24-nji aprel, 2018
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka, Minsk, 24-nji aprel, 2018

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka özüniň ýyllyk çykyşynda Günbatary we Orsýeti ýazgaryp, Günbatar ýurtlaryny “söwda uruşlaryny gozgamakda” aýyplady, Orsýetiň bolsa belarus harytlaryny öz bazarlaryndan gysyp çykarmagyny tankyt etdi.

24-nji aprelde parlamentiň öňüne eden telewizion çykyşynda Lukaşenka Orsýete “üzňelik” barada duýduryş etdi we Moskwanyň Günbatar bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagynyň Belarusyň ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyga bolan islegini böwetlemejegini belledi.

“Dünýäniň häzirki agyr ýagdaýynda Belarus bütewüligi durnuklylygy saklamak üçin berk durmaly” diýip, ýurduny 1994-nji ýyldan bäri dolandyrýan awtoritar prezident Lukaşenka aýtdy.

XS
SM
MD
LG