Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkisianyň wezipeden çekilmeginiň ertesi güni Ermenistan Gyrgynçylygyň ýyl dönümini hatyralaýar


Oppazision kanun çykaryjy Nikol Paşinian
Oppazision kanun çykaryjy Nikol Paşinian

Ermenistanlylar ýurtda uzak wagtlap hökümini ýöreden lider Serž Sarkisýanyň nägilelik çäreleriň fonunda premýer-ministr wezipesinden çekilmeginiň ertesi gün, ýagny şu gün Birinji Jahan urşunda Osman imperiýasynyň düzüminde wagty gyrgynçylyga uçran ata-babalaryny hatyralaýar.

Ermenistanyň “genosid” häsiýetlendirýän gyrgynçylygy 24-nji aprelde hatyralamak çäresi, müňlerçe demonstrantçynyň Sarkisianyň garaşylmadyk ýagdaýda wezipeden çekilmegini Ýerewanyň hem-de ýurduň beýleki şäherleriniň köçelerinde bellemekleriniň ertesi gününe gabat geldi.

Protestlere 11 günläp ýolbaşçylyk edip, 22-nji aprelde täze premýer-ministr bilen geçirilen dartgynly duşuşykda Serž Sarkisiany wezipeden çekilmäge çagyran oppozisiýaçy kanun çykaryjy Nikol Paşinian Ýerewanyň Ýadygärlik toplumyna ýygnanan goldawçylaryna baştutanlyk etdi.

Ýurtda Ýatlama çäreleri mynasybetli bir günlük säginen ýokary syýasatyň depgini 25-nji aprelde ýene-de güýçlener, sebäbi şonda Paşinian premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Karen Karapetian bilen duşuşyp, 3 million ilatly Ermenistanyň ykbalyny maslahat eder.

23-nji aprelde Sarkisian resmi websaýtynda özüniň wezipeden çekilýändigi barada beýanat ýaýradansoň, Ýerewanyň merkezindäki Respublika skwerinde ýygnanan köp adamly üýşmeleňe ýüzlenen Paşinian “rewolýusiýa” bu ýerde soňlanmaly däl, “ahyrky ýeňiz” gazanylýança dowam etmeli diýdi.

Ol Karapetian bilen häkimiýetiň parahatçylykly çalşygyny maslahat etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Karapetian Sarkisianyň ýolbaşçylygyndaky Respublika partiýasynyň agzasydyr.

“Respublika partiýasynyň ýolbaşçylary halkyň zorluksyz we mahmal rewolýusiýasyny şek-şübhesiz, şertsiz ykrar eder diýip umyt bildirýärin” diýip, Paşinian aýtdy.

Paşinianyň bellikleri geçiş döwründe onuň premýer-ministr wezipesini eýelemäge isleg bildirýändigini ýaňzytdy.

Sarkisianyň wezipeden çekilmegi Paşinian bilen Karapetianyň arasynda geçirilen gysga gepleşikleriň yzýanyna gabat geldi. Ýöne agzalýan gysga duşuşygyň barşynda nämeleriň maslahat edilendigi aýan edilmeýär.

Bu ýagdaý gürrüňi edilýän post-sowet ýurduň geljegi barada soraglary döredýär. Uzak wagtlap hökümet başynda galan lider Sarkisianyň köçe protestleri sebäpli wezipeden çekilmegi örän seýrek ýagdaýdyr.

On ýyllap Ermenistanyň prezidenti wezipesini eýelän Sarkisianyň premýer-ministr wezipesine saýlanmagy köçe protestlerini öjükdiripdi.

Onuň prezidentlik möhletiniň 9-njy aprelde dolmagyndan sekiz gün soň Sarkisian 17-nji aprelde parlamentde ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlandy.

Ýurduň Konstitusiýasyna 2015-nji ýylda girizilen üýtgeşmelerde premýer-ministriň wezipe ygtyýarlyklary güýçlendirildi.

Protestçiler Sarkisiany täze sistema geçilensoň premýer-ministr wezipesine dalaş etmezlik boýunça beren wadasynda durmazlykda aýypladylar.

Sarkisianyň wezipeden çekilmerin diýmeginiň ertesi güni wezipesini terk etdi. Ol Paşinian bilen duşuşykda oppozisiýa liderini “şantažda” aýyplady.

Ýöne 23-nji aprelde ýaýradan beýanatynda Sarkisian “köçe hereketleriniň özüne garşy geçirilendigini” ykrar etdi:

“Nikol Paşinian mamla. Men ýalňyşypdyryn” diýip, ol ýaýradan beýanatynda aýtdy. “Bu ýagdaýyň birnäçe mümkin bolan çözgütleri bar, ýöne men olaryň hiç haýsysyna baş goşjak däl. Bu meniň ýolum däl. Men ýurduň premýer-ministri wezipesinden çekilýärin” diýip, ol beýanat ýaýratdy.

24-nji aprelde dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan ermeniler Birinji Jahan urşy döwründe Osman imperiýasynda wepat bolan 1.5 million ermenini hatyralaýar

27 döwlet we ABŞ-nyň ştatlarynyň aglaba bölegi Osmanlyda ermenileriň öldürilmegini resmi taýdan “genosid” diýip kabul etdi.

Türkiýe ölen adamlaryň sanynyň çişirilendigini we wepat bolan admalaryň graždanlyk urşunyň pidalarydygyny aýdyp, “genosid” sözüniň ulanylmagyny ret edýär.

XS
SM
MD
LG