Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

TDH Berdimuhamedowyň Sarkisýana ýollan gutlagyny aýyrdy


Türkmen prezidenti özüniň ermeni kärdeşi bilen. 2017 ý.

Türkmenistanyň resmi habar saýtlaryndan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Serž Sarkisýana Ermenistanyň premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýollan gutlagy aýryldy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň 21-nji aprelde çap eden bu gutlagyndan soň, ýagny 23-nji aprelde Sarkisýan, ýurtdaky dowam edýän köpçülikleýin protestlerden soň, wezipesinden çekilipdi.

Oppozisiýa liderleri Sarkisýany ýurduň syýasy dolandyryş gurluşyny parlament sistemasyna geçirip, özüniň häkimiýetdäki güýjüni saklap galmak synanyşyklarynda aýypladylar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy prezidentiň Sarkisýana iberen gutlagynyň mazmunyna salgylanyp, Ermenistanyň premýer-ministriniň “biliminiň, ýokary hünär derejesiniň we baý syýasy tejribesiniň täze jogapkärli wezipede Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat etjekdigine berk ynam bildirendigini” habar beripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG