Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani täze ylalaşyk çagyryşlaryny sorag astyna aldy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähran bilen dünýäniň iri döwletleriniň arasynda täze ýadro ylalaşygyny baglaşmak çagyryşlarynyň kanuny esaslaryny sorag astyna aldy.

Mundan öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makron bilen “täze” ylalaşyga çagyryş edipdiler. Ak Tamda geçirilen gepleşiklerden soň, 2015-nji ýylda Tähranyň ýadro programmasy boýunça gelnen ylalaşygy Eýran bilen täzeden maslahat edip, onda has köp regional meseleleri hem goşmak meýilleriň bardygy mälim edilipdi.

“Näme üçin? Näme sebäpden?” diýip, Rohani telewideniýede bu çagyryşlar dogrusynda eden çykyşynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG