Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň wideo habaryndan soň, Aşgabat aeroportynda bir hepdeläp ýolagçylar saklanmady


Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi

Читатйте эту статью на русском

Azatlyk Radiosynyň wideo şekilli habaryndan soň, Aşgabadyň aeroportynda bir hepdeläp daşary ýurda barýanlara hiç zat diýilmändigi we ondan soň bolsa ýene öňki ýagdaýa geçilip, gaýtadan käbir ýolagçylaryň goýberilmän başlandygy öňe sürülýär.

Stambula gelenden soň Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan onlarça türkmen migrantynyň sözüne görä, daşary ýurda goýberilmeýän ýolagçylardan, onlarçasynyň migrasiýa gullugynyň aeroportdaky bölüminiň gapysynyň öňünde üýşüp bildiren nägileligini görkezýän wideonyň we bu waka baradaky habary Azatlyk Radiosynyň ile ýetirmeginden soň bir hepdeläp ýolagçylary saklan bolmandyr.

"Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylaryň görkezen nägileligi däl-de, ol wakanyň Azatlyk Radiosyndan habar berilmegi gaty güýçli täsirini ýetirdi. Aýdylyşyna görä, türkmen häkimiýetleri halkyň öýke-kinesi hasam möwjemez ýaly, bir hepdeläp daşary ýurda barýanlara degmeli däl edipdir. Biziň aramyzda hut 4-5 gezek Aşgabadyň aeroportyna baryp, Türkiýä goýberilmän yzyna gaýtarylan onlarça adam bardy lebaply, maryly we daşoguzly. Biz hem bu habary eşidip, Aşgabadyň aeroportyna bardyk Stambula gitmek üçin. Dogrudanam migrasiýa gullugynyň işgärleri hiç kimi soraga çekmän, gaýtam "Sag-aman baryň, sag-aman işläň, akyllyja geziň, dokumentsiz bolmaň, ýurdumyza hiç hili gep-gürrüň getirmäň. Ýoluňyz ak bolsun“ diýip, diýseň salyhatly görnüşde gürleşip, ýolagçylar arkaýyn geçirip dur. Biz hem şol pursatdan peýdalanyp, aeroportdan päsgelçiliksiz geçip, Stambula gaýtdyk. Stambula gelip hem başdan geçirenlerimizi Azatlyk Radiosyna gürrüň berip, sagbolsun aýtmak isledik. Aktuwal temalar Azatlyk Radiosynda şeýdip yzygiderli ýagdaýda eştdirilip dursa, raýatlara edilýän basyşlar biraz düzeläýjek ýaly“ diýip, şol bir hepdelik erkinlikde arkaýyn Stambula gaýtmagy başaran onlarça ýolagçy Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Stambulda ýaşaýan aktiwist Rozubaý Aşgabadyň aeroportyndan arkaýyn geçip gaýdan türkmenistanly raýatlaryň birnäçesine özüniň hem duş gelendigini we olaryň nädip beýle ýagdaýyň bolandygyna henizem düşünip bilmän, geň galyp ýörendigini aýdýar.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan ýene birnäçe türkmen migrantynyň aýtmagyna görä, Aşgabadyň aeroportynda bir hepdelik bolan şol erkinlikden soň, ýene migrasiýa gullugynyň işgärleri owalkysy ýaly ýolagçylary berk soraga çekip, köpsanly ýolagçyny hem yzyna gaýtarmaga başlapdyr.

Ýatlap geçsek, aprel aýynyň başynda, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Aşgabadyň aeroportynda onlarça ýolagçynyň türkmen häkimiýetlerine özleriniň Türkiýä goýberilmeýändigine güýçli nägilelik bildirendigi we hatda olaryň bu ýagdaýa gazaplylyk bilen reaksiýa görkezendigi barada, wideo gelip gowşupdy we ol wideo 5-nji aprelde halk köpçüligine ýetirilipdi.

XS
SM
MD
LG