Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fransuz prezidenti Trampyň Eýran ylalaşygyny hormatlamagyna garaşmaýar


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron kongresiň bilelikdäki sessiýasynda çykyş edýär. 25-nji aprel, 2018 ý.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna hormat goýjagyna garaşmaýandygyny, sebäbi onuň saýlaw kampaniýasy mahalynda ondan çykmagy wada berendigini aýtdy.

Makron 25-nji aprelde, Waşingtona eden üç günlük saparynyň soňuna golaý çykyş edip, Tramp “bu ylalaşykdan özbaşdak, içerki sebäpler esasynda çykar”, sebäbi ol “kampaniýa wadalarynda” bu ylalaşykdan çykjakdygyny aýtdy diýdi.

Makron öz sapary mahalynda Tramp bilen sagatlap bile boldy we aýlap ony Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyny hormatlamaga yrmaga çalyşdy.

Dünýä döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy, öz ýadro aktiwliklerinden el çekmeginiň öwezine, Tährana ykdysady sanksiýalardan boşamak kepilligini berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG