Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak habar agentliginiň tussagdaky başlygy başga türmä geçirildi


Aset Mataýew
Aset Mataýew

Gazagystanyň “KazTAG” habar gullugynyň tussaglykdaky başlygy Aset Mataýew häzire çenli saklanan berk düzgünli türmesinden berk düzgünsiz türmä geçiriler, ol 2016-njy ýylda salgytdan gaçmakda aýyplanyp, 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Taldygorgan şäher sudy 24-nji aprelde 33 ýaşyndaky Mataýewiň dogduk şäheri Almatynyň golaýyndaky jeza öýüne geçirilmegi barada karar çykardy. Bu ýerde tussaglar öz işleýän senagat kärhanasynyň ýa-da fermasynyň golaýynda ýaşaýar.

Mataýewiň kakasy, salgytdan gaçmak we ogurlyk aýyplamalary esasynda alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Seýitgazy Mataýew, 63 ýaşynda, dekabrda azatlyga çykdy. Ol 2016-njy ýylda Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen günä geçişe düşdi.

Seýitgazy we Aset Mataýewler 2016-njy ýylyň fewralynda tussag edildi. Olar bir ýyl soňra salgytdan gaçmak aýyplamasynda türme tussaglygyna höküm edildi, sud ýaşuly Mataýewi Gazagystanyň Aragatnaşyk ministrliginden ýüzlerçe müň dollary öz haýryna geçirmekde günäli tapdy.

Ataly-ogul özlerine bildirilen günäleri ret etdi.

XS
SM
MD
LG