Gyrgyzystanyň ozalky premýer-ministri Sapar Isakow geçen ýyl paýtagt Bişkegiň ýyladyş ulgamynda ýüze çykan näsazlyklar sebäpli, derňewçiler tarapyndan sorag edilendigini aýtdy.
Şu aýyň başynda prezident Sooronbaý Jeenbekow tarapyndan wezipesinden boşadylan Isakow ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetinde şaýat hökmünde bir sagada golaý wagt sorag edilendigini mälim etdi. Ol bu barada žurnalistlere maglumat berdi.
Isakow jikme-jik maglumatlary bermän, “ähli zat oňat” diýmek bilen çäklendi.
Isakow we onuň hökümeti parlamentdäki ynamsyzlyk çagyryşyndan soň, 19-njy aprelde häkimiýetden çetleşdirilipdi.