Ermenistanyň oppozision lideri Nikol Paşinýan öz goldawçylaryny 1-nji maýda parlamentde täze premýer üçin ses berilmezden öň Ýerewanda köçeleri baglamaga, protest ýygnananyşyklaryna gatnaşmaklaryny dowam etmäge çagyrdy.
Premýer-ministriň wezipesine kandidat hökmünde häzire çenli öňe çykan ýeke-täk kandidat bolan Paşinýan 29-njy aprelde, “syýasy ýagdaýyň üýtgändigine we belli bir progresiň gazanylandygyna garamazdan”, protestçileriň köçeleri baglamak çärelerini, “parahatçylykly we zorluksyz” graždan boýun egmezligi aktlaryny gurnamagy dowam etmekleriniň zerurdygyny aýtdy.
“Örän wajyp bir ýygnanyşyga garaşylýar, biz özümiziň nähili aýgytlydygymyzy we syndyrylyp bilmejegimizi görkezmeli” diýip, Paşinýan belledi.
Ermenistanyň dolandyryjy partiýasy 28-nji aprelde, kawkaz ýurdunda soňky ýyllarda dörän iň uly syýasy krizisi gowşatmak maksady bilen, özüniň premýer-ministrlige kandidat hödürlemejekdigini yglan etdi.
Şu aralykda Birleşen Ştatlar bu ýurtdaky taraplaryň ählisini “gowy ynanyşmak gepleşiklerine” girmäge çagyrdy.
Ermeni deputatlary 1-nji maýda köpçülikleýin protestler esasynda 23-nji aprelde işden çekilen Serž Sarkisýanyň ýerine premýer-ministr saýlamak üçin ses berişlik geçirmegi planlaşdyrýarlar.
Häzirlikçe premýerlige diňe oppozisiýadaky kanun çykaryjy Nikol Paşinýan dalaşgärlige hödürlenýär, ol Sarkisýanyň işden çekilmegine getiren köçe protestlerine ýolbaşçylyk etdi.
Ermanistanyň dolandyryjy Respublika partiýasy, “ýurtda gampa-garşylykdan we durnuksyzlaşmakdan gaça durmak üçin”, özüniň premýerliie kandidat hödürlemezlik kararyna gelendigini aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti 28-nji apreldeErmenistandaky syýasy gapma-garşylyga “ýakyndan” syn edýändigini aýtdy.