Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran gazetiniň redaktory töhmet aýyplamasynda tussag edildi


"Şargh" gazetiniň baş sahypasy
"Şargh" gazetiniň baş sahypasy

Eýranyň reformaçy gazetiniň başlygy gündogar şäher Maşatda güman edilýän jelepçilik barada çap eden makalasy üçin tussag edildi.

Eýranyň ýarym resmi ISNA habar gullugy 28-nji aprelde “Şargh” gazetinde çap edilen makala sebäpli birnäçe adamyň suda şikaýat arzasy bilen ýüz tutandygyny, olaryň gazeti aýallary masgaralamakda aýyplaýandygyny habar berdi.

ISNA Maşadyň prokurorynyň orunbasary Hassan Heidara salgylanyp, gazetiň baş direktory Mehdi Rahmanianyň tussag edilendigini, onuň şikaýat edenlere kompensasiýa berilmegi üçin jerime tölemeli boljakdygyny aýtdy.

Eýran häkimiýetleri žurnalistleri, blogçylary, aktiwistleri we beýlekileri yzygiderli soraga çagyryp, ýurduň ruhany ýolbaşçylarynyň makalalarda aýdylan sözlere we pikirlere beren bahasy esasynda, olary tussag edýärler.

Şeýle-de häkimiýetler müňlerçe websaýty, şol sanda habar we sosial media saýtlaryny petikläp saklaýarlar.

XS
SM
MD
LG