Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussag edilen eýranly žurnalist girewine azatlyga goýberildi


“Şargh” Eýranyň iň meşhur reformaçy gazetleriniň biridir.
“Şargh” Eýranyň iň meşhur reformaçy gazetleriniň biridir.

Eýranyň reformaçy gazetiniň başlygy gündogar şäher Maşatda güman edilýän jelepçilik barada çap eden makalasy üçin tussag edileninden bir gün soň, girewine pul goýmak esasynda azatlyga goýberildi.

Mehdi Rahmanian 5 million rialy ($9,000) töläninden soň, 29-njy aprelde tussaglykdan boşadyldy.

8-nji aprelde “Şargh” gazetinde Maşadyň Şahid Rajai etrabynda alty ýaşly owgan gyzynyň öldürilmegi barada makala çap edilipdi. Makalada sebitde ençeme jelephananyň bardygy we neşe serişdeleriniň ulanylýandygy baradaky bir resminiň sözleri hem getirilipdi.

Makaladaky aýdylýanlara gaharlanan ýerli ýaşaýjylar, metjidiň öňünde demonstrasiýa geçirip, gazete garşy ‘çäre görmäge’ çagyrdylar.

“Şargh” Eýranyň iň meşhur reformaçy gazeti bolup, ol prezident Hassan Rohanini goldapdy.

XS
SM
MD
LG