Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystanda žurnalistleriň ölümine sebäp bolan hüjümi ýazgardy


Kabul Blast Hits Journalists GRAB
Kabul Blast Hits Journalists GRAB

ABŞ Owganystanda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynda žurnalistleriň öldürilmegini ýazgaryp, söweşijileriň “demokratiýanyň düýp esasyna” hüjüm edip, ýetip gelýän milli saýlawlaryň ähmiýetini peseltmäge synanyşandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo 30-njy aprelde Kabulda 25 adamyň, şol sanda 9 žurnalistiň ölümine getiren goşa hüjümi “manysyz we zulumkeş” atlandyryp Twitter ulgamynda ýazdy. “Garaşsyz media demokratiýanyň düýp esasydyr” diýip Pompeo belledi.

“Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist topar hüjüme özüniň jogapkärdigini aýtdy.

Hüjüm şu çaka çenli Owganystanda iň köp žurnalistiň birden heläk bolmagyna sebäp boldy.

Munuň öňüsyrasynda YD toparynyň 22-nji aprelde Kabulda ses berijileri hasaba alyş merkezinde amala aşyran hüjümi zerarly azyndan 60 adam wepat bolupdy. ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis oktýabra bellenen parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda bolan şol hüjümiň Owganystanda saýlaw prosesine zeper ýetirmek maksadyna gönükdirilendigini belläpdi.

XS
SM
MD
LG