Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewanyň merkezinde müňlerçe adam täze premýer-ministriň saýlanmagyna syn edýär


Ýerewan, 1-nji maý, 2018. 
Ýerewan, 1-nji maý, 2018. 

Müňlerçe adam Ýerewanyň merkezine jemlenip, parlamentde täze premýer-ministriň saýlanmagyna syn etdiler. Munuň öňüsyrasynda Ermenistanda syýasy özgerişligi talap eden oppozisiýanyň lideri Nikol Paşinian häkimiýet başyndaky partiýanyň saýlaw prosesine täsir ýetirmäge synanyşmagy barada duýduryş edipdi.

42 ýaşly Paşinian 1-nji maýda geçirilen saýlawlarda 105 orunlyk parlamentde ähli oppozision fraksiýalaryň goldawyna eýe boldy. Respublikan partiýasy Ermenistanyň parlamentinde 58 orny eýeleýär.

Paşinian ses berişligiň öňüsyrasynda kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda, geçen hepdede köpçülikleýin protestleriň dowamynda premýer-ministr wezipesini terk eden Serž Sarkisiany özüniň saýlanmagyna päsgel bermäge synanyşmakda aýyplady we şeýle bolan ýagdaýynda protestleriň dowam etdiriljegini duýdurdy.

“Respublikan partiýasynyň ses berişlige zyýan ýetirmäge synanyşygy syýasy tupany turuzar. Ähli zat siziň geljek kararyňyza bagly bolar. Adamlar olar siziň ýeňşiňizi eliňizden almaga synanyşýarlar. Köçä çykyň” diýip, Paşinian täze premýer-ministri saýlamak boýunça çagyrylan ýörite maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG