Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Orsýetiň media serişdelerine interwýu berdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Golaýda “Bedew baýramçylygyna” bagyşlanyp, Aşgabatda geçirilen dabarada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň “Rossiýa 1” we “Rossiýa 24” telekanallaryna interwýu berdi. Adatça, türkmen prezidenti daşary ýurtlaryň köpçülikleýin media serişdelerine örän seýrek interwýu berýär.

29-njy aprelde türkmen paýtgatynda geçirilen çärä gatnaşan ýurt baştutany agzalýan 20 minutlyk söhbetdeşligiň dowamynda syýsatdan medeniýete, ykdysadyýetden halkara gatnaşyklaryna çenli dürli mowzuklar barada gürrüň etdi.

Berdimuhamedow bu telekanallaryň Türkmenistan bilen bagly köpçülige ýetirýän habarlaryny çala ýylgyrmak bilen makullap, olaryň alyp barýan işlerine ýokary derejede baha berdi:

“Siz ol ýa-da beýleki bir wakany hiç haçan, asla, ýoýmaýarsyňyz. Şol sebäpdenem siziň abraýyňyz ýokary” diýip, özüne üstünde “Rossiýa” ýazgyly ujy galyň mikrofony uzadýan orsýetli žurnaliste ýüzlendi.

Mälim bolşy ýaly, dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça ýaýradylýan halkara hasabatlarda rus mediasynyň duçar bolýan agyr güni agzalyp geçilýär. Halkara guramalar Orsýetde “diýdimzorlygyň” metbugat azatlygynyň “bokurdagynyň bogýandygyny” nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, rus mediasyny wakalary ýoýmazlykda magtan türkmen prezidentiniň dolandyrýan ýurdunyň metbugat azatlygynynda 180 ýurduň arasynda Demirgazyk Koreýa we Eritreýa eýerip 178-nji orunda ýerleşdirilmegi we “dyngysyz giňeýan gara-girdap” häsiýetlendirilmegi hem bellärlikli ýagdaýdyr.

Interwýunyň arka fonunda türkmen milli lybaslaryny geýinen türkmenistanlylaryň başdan-aýak “Arkadaga şöhrat!” diýip gygyrýan sesleri eşidilýär. Ýurtdan gelip gowuşýan habarlarda, köpçülikleýin çärelere mejbury gatnaşdyrylýandyklary üznüksiz habar berilýän milli lybasdaky ýaşlara žurnalistiň ünsüni çekip, türkmen prezidenti: “Bu görýän milli koloritiňizi döretmek üçin, hamala, biz bulary mejbur edýändiris diýip pikir edýänsiňiz. Olaryň özleri isleýär” diýdi.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal adynyň efirde agzalmazlygyny soran aşgabatly bir talyp Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde “Çärelere gatnaşmakdan ýüz öwürseň, türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýa işden, ýa-da okuwdan çykarylmak haýbaty atylýar. Munuň üstesine, çärä gatnaşýanlardan şatlyk-şowhun bilen çapak çalyp, ýylgyrmak hem talap edilýär” diýip, gürrüň beripdi.

Interwýunyň dowamynda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýandygyny nygtan Berdimuhamedow “Hanha, serediň dagyň aňyrsyndaky Eýrana, biz olar bilen dostlukly gatnaşýarys” diýdi. Şeýle-de prezident ýurduň “açyk gapylar” syýasatyny ýöredýändigini aýtdy.

Orsýetli žurnalistiň gyzyklanma bildiren soraglaryna jogap beren Berdimuhammedow halkara ýagdaýlara-da degip geçip Siriýada Yrakda bolup geçýän hadysalar boýunça ynjalyksyz garaýyşlaryny beýan etdi hem-de “bütin dünýäde parahatçylyk bolsa gowy bolardy” diýdi. “Olar ýaly problemlar biziň regionymyzda ýok. Biz [regionda] birek-birege ýakyndan ýardam berýäris. Şu zatlaryň sakasaynda GDA guramasy dur. Bu gurama örän wajyp rol oýnaýar” diýip, türkmen prezidenti aýtdy.

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasydyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda rus-türkmen gatnaşyklary babatda-da aýratyn bellikleri aýdan Berdimuhamedow medeni jähtden Türkmenistanda ýurduň döwlet dili bolan türkmen dili bilen bir hatarda rus diline uly ähmiýet berilýändigini, şol sanda iňlis diliniň hem öwrenilýändigini nygtady. Interwýuda Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklara-da gysgaça degilip geçildi. Hazaryň kenaryndaky täzelikde bina edilen port barada-da gürrüň eden Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýüpek ýoly bilen baglanyşygy hakynda agzap geçdi, şeýle-de ýurduň transport hem-de üstaşyr mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

Orsýetli žurnalist türkmen prezidentiniň “kämil çapyksuwarlyk ukyplaryna” haýran galandygyny aýtdy. Berdimuhamedow oňa “[Capyksuwarlyk] meniň genimde bar. Diňe meniňkide däl, olaryňkyda-da bar” diýip, jogap berdi we töweregindäki watandaşlaryny ümledi.

Halkara media serişdelerinde örän seýrek çykyş edýän türkmen prezidentiniň rus habar serişdelerinde eden soňky çykyşynyň anyk sebäpleriniň nämedigi häzirki wagtda nämälimliginde galýar.

XS
SM
MD
LG