Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pyýadalar üçin niýetlenen "radar"


Hytaýyň Şenžen şäheri

Hytaýyň Şenžen şäherinde pyýadalar gyzyl çyra ýananda, ýoly kesip geçmekden saklanýarlar.

Munuň sebäbi bolsa şäheriň köçelerinde gurnalan adamy ýüzünden tanaýan kameralardyr.

Ol şäherde pyýadalardan kim ýol hereketiniň düzgünini bozsa, soň oňa jerime petegi iberilýär.

Ol kameralar pyýadany ýüzünden tanaýşy ýaly, onuň ähli şahsy maglumatlaryny hem tapyp bilýär.

Ýol hereketi düzgünini bozan adam öz adyny şol bada kameranyň ýanyndaky ullakan ekrandan görýär.

Bu tehnologiýa tilsiminden 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri peýdalanyp gelinýär. Şäheriň hemme köçelerinde diýen ýaly gurnalypdyr.

Indi bolsa ýerli hökümet muny hasam kämilleşdirmäge taýýarlanýar. Kämilleşdirilen täze tehnologiýa tilsimi ýol hereketi düzgünini pozany sebäpli kamera "düşen" pyýadalara indi munuň bilen baglanşykly dessine SMS ibermäge mümkinçilik döredýär.

Hytaýyň hökümeti häzirki döwürde ýurtda kämilleşen aňtaw tehnologiýalaryny synagdan geçirýär.

2020-nji ýyldan başlap, raýatlara jemgyýetde özüni alyp barşyna görä bahalar berler. Ýol hereketi düzgünini bozmakdan başlap, internetde "galp maglumatlar ýaýratmaga" çenli köp ugurda edilýän bikanun hereketler raýat ýagdaýlarynyň hasana alynýan bölüminde jemlener.

Şeýle maglumatlaryň esasynda raýatlar işe alynjak mahaly "olaryň şeýle terjimehalyndan" peýdalanylar we ondan soň olaryň işe kabul edilip-edilmeli däldigine karar berler.

Mundan daşaryn kanunlara garşy gelip, has köp düzgün pozýan raýatlaryň syýahat etmegine gadagançylyk girizilip bilner.

Köp adam muny tanymal iňlis ýazyjysy Jorj Orueliň "1984" atly eserinde gürrüňi edilýän ýagdaýlar bilen deňeşdirýär.

Ol eserde totalitar jemgyýetde her ädimi yzarlanýan we şahsy durmuşy hemşe gözegçilik astynda tutulýan raýatlaryň durmuşy hakda gürrüň gidýär.

XS
SM
MD
LG