Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşiniýanyň çagyryşyndan soň, Ýerewanyň aeroportyna barýan ýol böwetlendi


Ermeni protest lideri Nikol Paşiniýanyň tarapdarlary. 2-nji maý, 2018 ý.

2-nji maýda ýüzlerçe adam protest lideri Nikol Paşiniýanyň umumy iş taşlaýyş geçirmäge eden çagyryşyndan soň, Ermenistanyň paýtagty bilen esasy aeroporty birleşdirýän uly asfalt ýoly böwetledi. Bu waka ermeni parlamentiniň Paşiniýanyň premýer-ministr wezipesine bellenmegine garşy ses bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ermenistanyň Zwartnost aeroportynyň töwereginde howpsuzlyk güýçleri ýerleşdirildi.

Ýerewanyň beýleki ýerlerinde studentleriň toparlary ýene köçelere çykdy. Olaryň käbirleri uniwersitetiň okuw jaýlarynyň ýerleşýän territoriýasyna tarap ýöräp, studentleri iş taşlaýyşa goşulmaga çagyrýarlar.

Paşiniýan Ýerewanda adamlaryň uly topary bilen ýöriş geçirip, megafon arkaly öz tarapdarlaryny ýurduň Goranmak ministrliginiň we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň ulaglarynyň geçmegine rugsat bermäge çagyrdy.

Şeýle-de, ol öz tarapdarlaryny ýurduň armiýasynyň geçýän ýollaryny ýa-da Ermenistan bilen Daglyk-Garabagy birleşdirýän iki strategik asfalt ýoly hem böwetlemezlige çagyrdy.

Ermenistanyň parlamenti sesleriň 45/55 gatnaşygy bilen oppozision lideri Nikol Paşiniýanyň premýer-ministr kandidaturasyny ret etdi. Bu hereket Paşiniýanyň öz tarapdarlaryny 2-nji maýdan başlap umumy iş taşlaýyş geçirmäge çagyrmagyna alyp bardy.

1-nji maýda geçirilen ses berilişikden öň, häkimiýet başyndaky Respublikan partiýanyň lideri Wahram Bagdasariýan öz partiýasynyň Paşiniýana garşy ses berjekdigini mälim edipdi.

Ermeni kanunçylygyna görä, parlament premýer-ministri saýlap bilmedik halatynda, ikinji ses berilişik geçirilýär. Häzirki ýagdaýda onuň 8-nji maýda geçiriljekdigi yglan edildi.

Paşiniýan kanunçykaryjylaryň ses berişliginden soňra Ýerewanyň merkezindäki Respublikan meýdançasynda ýygnanan on müňlerçe tarapdaryna ýüzlenip, 2-nji maýdan başlap ähli işgärleriň we studentleri işe hem-de okuwa gitmegi bes etmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG