Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanda adam hukuklary aktiwisti sud edilýär


Oýub Titiýew

Çeçenistanyň Ýokary sudy adam hukuklary boýunça aktiwist Oýub Titiýewiň işine seredýär. Titiýew neşe aýyplamalary esasynda dört aý tussaglykda saklanlypdy. Onuň ýaranlary Titiýewe bildirilýän aýyplamalaryň toslamadygyny aýdýarlar.

60 ýaşly Titiýew Russiýanyň adam hukuklaryny goraýan öňdebaryjy “Memorial” guramasynyň Çeçenistan boýunça edarasyna ýolbaşçylyk edýärdi.

“Amnesty International” guramasy 2-nji maýda rus resmilerine ýüzlenip, Titiýewi “dessine we hiç hili şert goýmazdan” azat edilmegini sorady.

“Titiýew Çeçesinstada adam hukuk bozmalarynyň pidalaryna dowamly hemaýat berendigi üçin, häzir özüniň azatlygy bilen töleg töleýär” diýip, “Amnesty International” guramasynyň direktorynyň orunbasary Denis Kriwoşeýew aýtdy.

Titiýew 9-njy ýanwarda tussag edilipdi. Çeçen resmileri onuň ulagyndan neşe serişdeleriniň tapylandygyny öňe sürdüler.

Titiýew aýyplamalary ret etdi. Ol we onuň ýaranlary marihuana serişdeleriniň onuň ulagyna ýörite matlap bilen taşlanandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG