Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda täze port açyldy


Türkenbaşyndaky portuň açylyş dabarasy.
Türkenbaşyndaky portuň açylyş dabarasy.

Türkmenistanyň günbatarynda täze halkara deňiz porty açyldy.

Türkmen resmileri 1,5 milliarda gurlan ýük we ýolagçy portunyň üsti bilen, ýurduň eksport mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýärler.

Türkmenbaşy şäherinde açylan port ýurduň ýük daşamak mümkinçiligini üç esse artdyryp, ol ýylda 25-26 million tonna deň bolar.

20 metr giňlikdäki gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 600 metre deň bolup, munuň özi bir wagtda birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň gelmegine, gitmegine hem-de olara hyzmat etmäge mümkinçilik berer diýip, türkmen hökümeti maglumat berýär.

XS
SM
MD
LG