Ermenistanyň protest lideri Nikol Paşiniýan, häkimiýet başyndaky Respbulikan partiýanyň ony 8-nji maýda premýer-ministri saýlamak boýunça geçiriljek ses berilişikde goldap biljekdigini ýaňzdandan soň, üç hepdeläp dowam edýän protestleri togtatmaga çagyrdy.
13-nji aprelden bäri protestlere ýolbaşçylyk eden oppozisiýa syýasatçysy Paşiniýan Respublikan partiýanyň pozisiýasyndaky üýtgeşmeleri gowy garşylady.
Respublikan partiýanyň lideri Wahram Bagdasariýan 8-nji maýda geçiriljek ses berilişige partiýanyň hiç bir dalaşgäri hödürlemejekdigini we parlamentiň üçden biri tarapyndan hödürlenen islendik kandidaty goldajakdygyny yglan etdi.
Paşiniýan öz gezeginde protestçilere ýüzlenip: “Çagalar, siz ertir mekdepleriňize gidiň. Biz protestleri togtadyp, dynç almaly” diýip, çykyş etdi.
Ermeni kanunçylygyna görä, eger-de parlament ikinji ses berilişikde hem premýer-ministri saýlap bilmese, onda parlament dargadylyp, irki saýlawlar geçiriler.