Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinýan Orsýetiň, ABŞ-nyň, Gürjüstanyň we ÝB-niň ilçilerini krizisden çykmak tagallalary bilen habarly etdi


Ermenistanyň oppozisiýa lideri Nikol Paşinýan

Ermenistanyň oppozisiýa lideri Nikol Paşinýan Orsýetiň, ABŞ-nyň, Gürjüstanyň we ÝB-niň ilçileri bilen duşuşyp, olary ýurduň syýasy krizisini çözmek ugrunda edýän tagallalary bilen habarly etdi.

"Men ilçilere içerki krizisi çözmek üçin gelnen ylalaşyklar barada maglumat berdim” diýip, ol 3-nji maý güni giçlik öz feýsbuk sahypasynda çap eden beýanatynda aýtdy.

"Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem birnäçe meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ermenistanda akkreditasiýa edilen ilçiler bilen duşuşyklar dowam etdiriler” diýip, ol aýtdy.

Paşinýan 3-nji maýda öz Ýelk partiýasy we parlamentde ýaranlykda durýan oppozisiýa partiýalary tarapyndan ikinji gezek resmi taýdan premýer-ministrlige hödürlendi. Şondan soň ol dolandyryjy Respublika partiýasyndan “halkyň kandidaty” hökmünde goldanyljakdygy hakynda ynandyrmalary aldy.

Şu aralykda Kremliň sözsüni Dmitriý Peskow Orsýetiň Ermenistan bilen “gowy we konstruktiw” gatnaşyklary saklap galjakdygyny ynam bildirdi we ermeni partiýalarynyň "mümkin boldugyça basym" özara düşünişmeklerine umyt bildirdi.

Şu wagta çenli premýer-ministr bolmaga dalaş edýän ýeke-täk kandidat bolan Paşinýana 105 orunly parlamentde 41 deputat goldaw bildirýär. Bu wezipe üçin geljekki ses berişlik 8-nji maýa bellenildi.

XS
SM
MD
LG