Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: '328 eneleri' neşe sebäpli tussag edilenler üçin açlyk çekýär


'328 eneleri' hereketine gatnaşyjy. 3-nji maý, 2018.
'328 eneleri' hereketine gatnaşyjy. 3-nji maý, 2018.

Belarusda azyndan 14 aýal neşe bilen bagly tussag edilen garyndaşlarynyň boşadylmagyny, neşä garşy kanunlaryň liberallaşdyrylmagyny talap edip, ençeme gün bäri açlyk çekýär.

Açlyk çekýän aýallar özlerini “328 eneleri" diýip atlandyrýarlar.

Bu at Belarusyň Jenaýat kodeksiniň 328-nji maddasy bilen bagly. Bu madda neşe bilen baglanyşykly jenaýatlar üçin 25 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini talap edýär.

Bu aýallaryň köpüsi öz açlyk aksiýalaryna 27-nji aprelde başlady.

XS
SM
MD
LG