Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly 'altyn gaçakçylary' Hindistanda 17,5 kg altyn bilen saklandy


Altyn dişli zenan.

Anna güni Deliniň Indira Gandi adyndaky halkara aerportunda onlarça türkmenistanly saklanyldy.

Olaryň ýanyndan ýolagçy jarnamasynda görkezmedik, ýagny bikanun geçirmäge synanyşan altyn şaý-sepleri tapylyp alyndy.

Anna güni irden ilki saklanan türkmenistanly aýallaryň biri öz ujypsyzja altynyny sumkasynda gizläp geçirmäge synansa, beýlekisi altyn jynjyr görnüşinde geçirjek bolupdyr.

Emma 10 minut soňra gümrükçiler ýaşyl zolakdan geçmekçi bolan has kän altynly türkmenistanlyny sakladylar. Olaryň özleri bilen geçirmäge synanan altynlary 600 gramdan 1 kg çenli aralykda bolup çykdy.

Gümrükçiler iki sagat içinde Türkmenistandan gelýän 29 ýolagçyny sakladylar, olaryň ýanyndan gaçak ýol bilen geçirilmäge çalşylan 17,5 kilograma golaý altyn tapyldy.

Gümrük resmileri altyn bilen tutulan türkmenistanly ýolagçylaryň Hindisatana iki uçarda, Türkiýäniň we Türkmenistanyň howa ýollarynyň uçarlarynda gelendigini aýtdylar diýip, TOI neşiri habar berýär.

XS
SM
MD
LG