Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan partlamalarynda 17 adam öldi


Partlama pidalary

6-njy maýda Hostda, Owganystanyň gündogar welaýatynda bir metjitde bolan partlama azyndan on adamy öldürdi, 30 adamy ýaralady diýip, resmiler aýtdylar.

Bomba metjidiň howlusynda, saýlawçylaryň hasaba alynmagy üçin gurlan merkeziň çadyrynda goýlupdyr diýip, Host welaýatynyň polisiýa başlygy Abdul Hanan Zadran AFP habar gullugyna aýtdy.

Welaýat geňeşiniň agzasy Abdul Wali Wahidzai pidalaryň sanynyň artmagynyň ahmaldygyny, sebäbi häzirki maglumatlaryň deslapky maglumatdygyny belledi.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.

Geçen aý Kabuldaky saýlawçylary hasaba alýan merkezleriň gapdalynda janyndan geçen bombaçylar57 adamy öldürdiler, 119 adamy bolsa ýaraladylar.

Owgan paýtagtynda şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan ýerinde bolan partlamanyň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öz üstüne aldy.

Owganystan parlament we ýerli geňeşler üçin saýlawlary 20-nji iýulda geçirmegi planlaşdyrýar.

Farýap welaýatynda bolsa şu gün dükançylary alyp gelýän awtobomil ýol ýakasyndaky bombanyň üstünden bardy, bu hadysada 7 adam öldi.

XS
SM
MD
LG